Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020.

Учебник по математике для 5 класса на туркменском языке.

  Siz bu okuw ýylynda hem matematika bilen tanyşmagy dowam etdirersiňiz. Matematika müň ýyllar öň adamyň zerurlyklarynyň önümi hökmünde emele gelipdir. Onuň ösmegine beýik eždatlarymyz - gündogaryň meşhur alymlary, beýik matematik alymlary uly goşant goşupdyrlar. Häzir hiç bir adam matematikany bilmezden, öz durmuşyny doly göz öňüne getirip bilmeýär. Matematika size ýöne bir hasap-hesip işlerini öwretmän, iň esasysy-sizi mantyky pikirlenmäge,pikir ýöretmäge, durmuş meseleleriniň iň makul çözüwini tapmaga kömek eder, akylyňyzy ýitelder.
Eliňizdäki şu derslik haýyrly maksatlaryňyzy amala aşmagynda size hyzmatdaş bolar, biminnet kömekçi bolar. Onuň sahypalaryndan diňe bir matematika degişli maglumatlar bilen däl, eýsem tehnika, ylmyň taryhyna, daşky gurşawa we gündelik durmuşa degişli gyzykly we peýdaly maglumatlar bilen hem tanşarsyňyz. Bu maglumatlar dürli-dürli meseleler we mysallar görnüşinde size hödürlenilýär.

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020


SANLY WE HARPLY AŇLATMALAR.
Bilimleri baýlaşdyrýarys.
Taraplary 4 cm we 6 cm bolan gönüburçlugyň perimetrini tapyň (1-nji surat).
Görnüşi ýaly, onuň perimetri 2 · 4 + 2 · 6 görnüşindäki aňlatma bilen anyklanýar.
Sanlar, arifmetik amallardan we ýaýlardan düzülen şeýle aňlatmalar sanly aňlatmalar diýlip atlandyrylýar. Amallar ýerine ýetirilse, sanly aňlatmanyň bahasy emele gelýär.
Ýokardaky sanly aňlatmanyň bahasy, ýagny gönüburçlugyň perimetri 2 · 4 + 2 · 6 = 20 (cm) ga teng.

Taraplary 4 cm we a cm bolan gönüburçlugyň perimetrini tapyň.
Onuň perimetri 2 · 4 + 2 · a görnüşindäki aňlatma bolýar.
Sanlar, amallar, ýaýlar bilen bir hatarda harplar hem gatnaşan aňlatma harply ýa-da harp aňlatma diýlip atlandyrylýar.
a · 40 – a · b we 23 – (a : c + 45) harply aňlatmalardyr.
Harply aňlatmadaky harpyň ýerine dürli sanlary goýmak mümkin. Harply aňlatmadaky harpyň ýerine san goýup hasaplananda çykan netijä harply aňlatmanyň bahasy diýilýär.

MAZMUNY.
I bap. Natural sanlary goşmak we aýyrmak.
1. Natural sanlar we nol.
2. Ýönekeý geometrik şekiller.
3. Şkalalar we sanlar şöhlesi.
4. Natural sanlary deňeşdirmek.
5. Natural sanlary tegeleklemek.
6. Natural sanlary goşmak.
7. Natural sanlary aýyrmak.
8. Sanly we harply aňlatmalar.
9. Matematiki meseleler we deňlemeler.
10. I baby gaýtalamaga degişli meseleler.
II bap. Natural sanlary köpeltmek we bölmek.
11. Natural sanlary köpeltmek.
12. Natural sanlary bölmek.
13. Galyndyly bölmek.
14. Amatly we çalt hasaplama usullary.
15. Aňlatmalary ýönekeýleşdirmek.
16. Geçilenleri gaýtalamaga degişli meseleler.
17. Çylşyrymlyrak meseleleri çözmek.
18. Dört amala degişli hasaplamak algoritmleri.
19. Sanyň kwadraty, kuby we derejesi.
20. Maglumatlar bilen işlemek.
21. Proýekt işiniň nusgasy.
22. II baby gaýtalamaga degişli meseleler.
III bap. Tekstli meseleleri çözmek.
23. Tekstli meseleler.
24. Böleklere degişli meseleler.
25. Geometrik mazmundaky tekstli meseleler.
26. Hereketga degişli meseleler.
27. Iki jisim hereketine degişli meseleleri.
28. Ykdysady mazmundaky tekstli meseleler.
29. Edilen işe degişli meseleler.
30. III baby gaýtalamaga degişli meseleler.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


Следующие учебники и книги:
Предыдущие статьи:


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-03-01 23:12:26