Обучалка в Телеграм

Geografiýa, 7 synyp, Mirakmalow M., 2022


Geografiýa, 7 synyp, Mirakmalow M., 2022.

Книги по географии для 7 класса на туркменском языке.

   Gadyrly okuwçylar! Siz bu ýyldan başlap täze sapak — Geografiýany öwrenmegi başlaýarsyňyz. Bu sapak siziň — Ýer tebigaty hakyndaky bilimleriňizi ýene-de berkidýär. Bu sizi Ýerýüzünde ulysuw we gury ýerler— materiklerwe ummanlar, olaryň bölekleriniň tebigaty, olarda bolup geçýän üýtgeşikler bilen tanyşdyrýar. Bu kitaby okamak arkaly siz materikler we ummanlary öwrenen syýahatçylaryň işleri, dürli materikleriň klimaty, suwlary, tebigat zolaklary, ummanlar we olaryň uly bölekleri — deňizler, aýlaglar we bogazlar tebigaty bilen ýakyndan tanşarsyňyz. Olary bilmek, seljermegi başarmak bolsa ýurdumyz tebigatynda gözegçilik edilýän üýtgeşikleri düşünmegiňizde, olary seljermek arkaly geljekde Ýer ýüzi we döwletimiz tebigatynda bolup geçmegi mümkin bolan ekologik we geologik meseleleriň öňüni almaga taýýarlyk görmekde size ýolbaşçy bolar.

Geografiýa, 7 synyp, Mirakmalow M., 2022


Geografiki kartalar.
Globuslar we kartalar — planetamyzyň tebigaty barada umumy pikiri döretmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýe. Materikleriň, ummanlaryň, adalaryň we ýarymadalaryň görnüşi globusda gaty aýdyň, ýöne gaty kiçi göwrümde şekillendirilýär. Globusda Demirgazyk polýus hemişe ýokarda, günorta polýus bolsa aşakda görkezilýär. Ýeriň aýlanma oky aslynda bolşy ýaly, ýagny birtarapa sowulýan ýagdaýda şekillendirilýär. Emma materikler, ummanlar, deňizler we köller, daglar we düzlükler gaty kiçi göwrümde şekillendirilendigi sebäpli, olaryň takyk şekilleri barada has kämil pikir döretmek mümkin däl.

Geografiki kartada Ýeriň ýüzi adaty nyşanlary bolan tekiz ýerde gaty kiçi göwrümdeşekillendirilýär. KartalartutuşÝeri,şeýle hem onuň käbir böleklerini suratlandyryp biler. Ýeriň güberçek ýüzüni tekiz ýerde (kagyzda) suratlandyranda käbir ýalňyşlyklar bolmagy mümkin. Ýalňyşlaryň iki esasy görnüşi bar: meýdan ýalňyşlygy we ugur ýalňyşlygy. Mysal üçin, dünýäniň kartasynda demirgazyk we günorta polýuslaryň golaýyndaky adalar we deňizler hakykatdan has uly şekillendirilýär.

Mazmuny.
SÖZBAŞY.
I.ВАР. GIRIŞ.
1.1. Geografiýa ylmy barada düşünje.
1.2. Geografiki açyşlar we häzirki zaman geografiýasy.
II.BAP. GEOGRAFIKI KARTALAR.
2.1. Geografiki kartalar.
2.2. Geografiki koordinatalar.
2.3. Masştab.
2.4. Amaly sapak.
III.BAP. GEOGRAFIKI GABYK.
3.1. Geografiki gabygyň araçäkleri, aýratynlyklary.
3.2. Geografiki gabygyň ösüştapgyrlary.
3.3. Litosfera we onuň hereketleri.
3.4. Ýeriň klimat guşaklyklary.
3.5. Landşaftlar.
3.6. Ýer ýüzüniň ilaty we onuň tebigata täsiri.
IV.BAP. DÜNYÄ UMMANY.
4.1. Dünyä ummany weonuň bölekleri.
4.2. Dünyä ummanynyň düýbüniň geologik gurluşy we relýefi.
4.3. Umman suwunyň aýratynlyklary.
4.4. Umman resurslary we olardan peýdalanmak.
4.5. Umumylaşdyryjy sapak.
V ВАР. MATERIKLER WE UMMANLARYŇ TEBIGATY.
Afrika materigi.
5.1. Geografiki ýerleşişi we öwrenilişi.
5.2. Geologik gurluşy, relýefi we peýdaly gazylmalary.
5.3. Materik klimatynyň aýratynlyklary. Klimatguşaklyklary.
5.4. Afrika materiginiň içerki suwlary.
5.5. Amaly sapak.
5.6. Materigiň tebigat zolaklary.
5.7. Tebigy geografiki ülkeleri. Materigiň tebigatyna adamyň täsiri.
5.8. Atlantika ummany.
5.9. Hindi ummany.
5.10. Amaly sapak.
5.11. Umumylaşdyryjy sapak.
Awstraliýa materigi.
5.12. Geografiki ýerleşişi, öwrenilişi, geologik gurluşy, peýdaly gazylmalary we relýefi.
5.13. Klimaty, içerki suwlary we tebigat zolaklary.
5.14. Materigiň ilaty we onuň tebigata täsiri.
5.15. Umumylaşdyryjy sapak.
5.16. Ýuwaş ummany.
5.17. Okeaniýa.
5.18. Amaly sapak.
Antarktida materigi.
5.19. Geografiki ýerleşişi, öwrenilişi, geologik gurluşy, peýdaly gazylmalary we relýefi.
5.20. Klimaty weorganiki dünýäsi.
Günorta Amerika materigi.
5.21. Geografiki ýerlişişi, öwrenilişi, geologik gurluşy, peýdaly gazylmalary we relýefi.
5.22. Klimaty we içerki suwlary.
5.23. Amaly sapak.
5.24. Günorta Amerikanyň tebigat zolaklary we belentlik guşaklyklary.
5.25. Tebigy geografiki ülkeleri. Ilaty we onuň tebigata täsiri.
Demirgazyk Amerika materigi.
5.26. Geografiki ýerleşişi, öwrenilişi, geologik gurluşy peýdaly gazylmalary we relýefi.
5.27. Demirgazyk Amerika klimaty we içerki suwlary.
5.28. Demirgazyk Amerikanyň tebigat zolaklary we belentlik guşaklyklary.
5.29. Amaly sapak.
5.30. Tebigy geografiki ülkeleri we ilatynyň tebigata täsiri.
5.31. Demirgazyk Buzly ummany.
5.32. Umumylaşdyryjy sapak.
Ýewraziýa materigi.
5.33. Ýewraziýanyň geografiki ýerleşişi, öwrenilişi.
5.34. Geologikgurluşy, peýdaly gazylmalary. Relýefi.
5.35. Ýewraziýa klimaty.
5.36. Ýewraziýanyň klimat guşaklyklary.
5.37. Ýewraziýanyň içerki suwlary.
5.38. Amaly sapak.
5.39. Ýewraziýanyň tebigat zolaklary.
5.40. Ýewraziýanyň ilaty we onuň tebigata täsiri.
5.41. Ýewraziýa çäginiň tebigy geografiki ülkelere bölünmegi.
5.42. Amaly sapak.
5.43. Umumylaşdyryjy sapak.
Goşmaça.
Duşundirişli sozluk.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geografiýa, 7 synyp, Mirakmalow M., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-17 23:41:31