Geometriýa, 10 synp, Haýdarow B., Taştemirowa N., Asrorow I., 2022.
Учебник по геометрии для 10 класса на туркменском языке.
Eziz okuwçylar! Siz geometriýanyň bölümi – stereometriýa kursuny öwrenmegi başlaýarsyňyz. Stereometriýa giňişlikdäki geometrik figuralaryň häsiýetlerini öwrenmäge bagyşlanan. 10-njy synpda stereometriýanyň aksiomalary we olaryň netijeleri, giňişlikdäki göni çyzyklaryň we tekizlikleriň parallelligi we perpendikulýarlygy bilen tanşarsyňyz.
Predmeti, hususan-da, geometriýany okatmakdan gözlenýän möhüm netije okuwçylaryň degişli kompetensiýalara, ýagny bilimlere we endiklere esaslanan bilim we durmuşda üstünlikli hereket etmek başarnyklaryny eýelemeklerinden ybarat. Derslikde getirilen ýumuşlar we gönükmeler ine şu maksady amala aşyrmaga gönükdirilen.
Köpgranlyklary tekizlikde şekillendirmek.
Geometrik meseleleri çözende meseläniň şertine laýyk çyzgyny çyzmak örän möhüm hasaplanýar. Käte dogry çyzylan çyzgy meseläniň «ýarym çözüwi» bilen deňleşdirilýär. Stereometriýada meseläniň çyzgysyny dogry çyzmak iňňän möhüm, gaty jogapkärli we käte bolsa çylşyrymly iş hasaplanýar. Çünki stereometrik figuralar üç ölçegli bolup, olary tekizlikde, depderiň sahypasynda şekillendirmeli bolýar. Nädogry çyzylan çyzgy nädogry çözüwe ýa-da öňi ýapyk köçä eltýär.
Prizmany şekillendirmek aşakdaky tertipde alnyp barylýar (1-nji surat). Ilki köpburçluk şeklindäki esaslaryndan biri çyzylýar. Soň onuň her bir depesinden özara parallel we deň kesimler, ýagny prizmanyň ýasaýjylary çyzylýar. Kesimiň ahyrlary degişlilikde utgaşdyrylyp çykylýar. Munda ikinji esas peýda bolýar.
MAZMUNY.
I BAP PLANIMETRIÝANY ULGAMLY GAÝTALAMAK.
1. Geometriýanyň logiki gurluşy.
2. Geometrik meseleler we olary çözmegiň usullary.
3. Baby gaýtalamaga degişli amaly gönükmeler.
II BAP STEREOMETRIÝA GIRIŞ.
4. Stereometriýanyň esasy düşünjeleri.
5. Giňişlikde göni çyzyklar we tekizlikler.
6. Giňişlikdäki geometrik figuralar. Köpgranlyklar.
7. Köpgranlyklary şekillendirmek we modelini gurmak.
8. Köpgranlyklaryň ýönekeý kesiklerini gurmak.
9. Taslama işi boýunça sapak.
10. Baby gaýtalamaga degişli amaly gönükmeler.
III BAP GIŇIŞLIKDE GÖNI ÇYZYKLARYŇ WE TEKIZLIKLERIŇ PARALLELLIGI.
11. Giňişlikde göni çyzyklaryň özara ýerleşişi.
12. Atanaklaýyn göni çyzyklar.
13. Giňişlikde göni çyzyklaryň we tekizlikleriň özara ýerleşişi.
14. Giňişlikde tekizlikleriň özara ýerleşişi.
15. Giňişlikde parallel proýesirleme.
16. Baby gaýtalamaga degişli amaly gönükmeler.
IV BAP GIŇIŞLIKDE GÖNI ÇYZYKLARYŇ WE TEKIZLIKLERIŇ PERPENDIKULÝARLYGY.
17. Giňişlikde perpendikulýar göni çyzyklar we tekizlikler.
18. Giňişlikde perpendikulýar, gyşarma we aralyk.
19. Üç perpendikulýar hakyndaky teorema.
20. Giňişlikde tekizlikleriň perpendikulýarlygy.
21. Giňişlikde ortogonal proýeksiýa we ondan tehnikada peýdalanmak.
22. Baby gaýtalamaga degişli amaly gönükmeler.
V BAP GAÝTALAMAK.
23. Gaýtalamaga degişli meseleler.
Geometriýa degişli esasy maglumatlar.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geometriýa, 10 synp, Haýdarow B., Taştemirowa N., Asrorow I., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: геометрия :: Haýdarow :: Taştemirowa :: Asrorow :: 10 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Геометрия, 7 синф, Ҳайдаров Б., Таштемирова Н., Асроров И., 2022
- Геометрия, 7 класс, Хайдаров Б., Таштемирова Н., Асраров И., 2022
- Геометрия, 7 сынып, Хайдаров Б., Таштемирова Н., Асраров И., 2022
- Geometriya, 7 klas, Haydarov B., Tashtemirova N., Asrorov I., 2022
Предыдущие статьи:
- Геометрия, 10 класс, Хайдаров Б., Таштемирова Н., Асроров И., 2022
- Геометрия, 10 сынып, Хайдаров Б., Таштемирова Н., Асроров И., 2022
- Geometriya, 10 klas, Xaydarov B., Tashtemirova N., Asrorov I., 2022
- Matematika, 6 synp, Ismailow Ş., Aroýew D., 2022