Haýdarow

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017.

Учебник по геометрии для 7 класса на туркменском языке.
 
Фрагмент из книги:
Geometriýa degişli başlangyç düşünjeler mundan 4–5 müň ýyl öň gadymky Müsürde peýda bolupdyr. Şol wagtlarda Nil derýasynyň suwy her ýyl daşyp, ekin meýdanlaryny ýuwup durupdyr. Şonuň üçin, ekin meýdanlaryny gaýtadan paýlamak we salgyt mukdaryny kesgitlemek üçin bu meýdanlarda belgileme we ölçeg işlerini ýerine ýetirmäge dogry gelipdir (1-nji surat). Gadymky grek alymlary ýer ölçemegiň usullaryny müsürlilerden öwrenip, ony geometriýa diýip atlandyrypdyrlar. “Geometriýa” grekçe söz bolup, “geo” – ýer, “metrio” – ölçemek diýen manyny aňladýan böleklerden düzülen.

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017
Скачать и читать Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017
 

Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014

Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014.

Учебник по изобразительному искусству для 3 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Özbegistan - meniň Watanym. Onda biziň ata-babalarymyz ýaşap gelipdirler. Häzirki wagtda biz onuň tämiz howasyndan dem alyp, şypaly suwlaryndan içip, ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän nygmatlaryndan lezzetlenýäris.
Ýokardaky suratda Watanymyzyň paýtagty - Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşdirilen heýkeller kompozisiýasyny görýärsiňiz. Bu kompozisiýa “Ýagşylyk monumenti” diýlip atlandyrylýar.

Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014
Скачать и читать Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014
 

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.

Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
Скачать и читать Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
 

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019.

Учебник по геометрии для 9 класса на туркменском языке.

   9- njy synpda geometriýanyň planimetriýa bölümini – tekiz geometrik figuralaryň häsiýetlerini öwrenmek dowam etdirilýär. Onda siz geometrik öz-özüne öwrülmeler, figuralaryň meňzeşligi, üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar, töweregiň uzynlygy we tegelegiň meýdany, üçburçlukdaky we töwerekdäki metrik gatnaşyklar bilen t anyşarsyňyz.
Şu dersligiň mazmuny berk aksiomatik ulgam esasynda gurlandyr. Ondaky nazary materiallar mümkingadar sada we düşnükli dilde beýan edilendir. Ähli temalar we düşünjeler durmuşdan alnan dürlüçe mysallar arkaly açyp görkezilen. Her bir temadan soň berlen soraglar, subut etmäge, hasaplamaga we gurmaga degişli mesele we mysallar okuwçyny döredijilikli pikirlenmäge ündeýär, oňa özleşdirilen bilimleri çuňlaşdyrmaga we berkitmäge kömek edýär. Derslik özüniň özboluşly dizaýny we sapak materialynyň gökezmeliligi bilen hem tapawutlanýar. Onda getirilýän surat we çyzgylar sapagyň materialyny has gowy özleşdirmäge hyzmat ed ýär.

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019
Скачать и читать Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019
 

Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019

Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.

Учебник по экономике для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Ykdysadyýet jemgyýetçilik durmuşy ugurlaryndan iň üýtgäp durýanydyr. Çünki adamlaryň gowy ýaşamagy üçin zerur şertleri her gün döredip barmaly. Tebigatda taýýar ýagdaýda çörek, egin-eşik, ýaşaýyş jaýy ýok. Adamyň zeryrlygy üçin gerekli, tebigatda taýýar ýagdaýda duşmaýan ähli zatlary özi döretmäge mejbur. Ol şu maksatda tebigatyň gujagynda ykdysadyýet diýlip atlandyrylýan ullakan hojalygy döretdi. Indi ykdysa dyýet hojalyk ýöretmek ulgamy hökmünde — adamyň ýaşaýşynyň we kemala gelmeginiň ýeke-täk serişdesine öwrülen.

Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
Скачать и читать Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019