Обучалка в Телеграм

Edebiýat, 6 synp, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Klyçew R., Arazov D., 2022


Edebiýat, 6 synp, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Klyçew R., Arazov D., 2022.

Учебник по литературе для 6 класса на туркменском языке.

   Edebiýat sapagy okuwçylara edebi bilim we ynsanperwer terbiýe bermäge hyzmat edýär. Çünki çeper edebiýat söz sungatydyr. Çeper edebiýat durmuş wakalaryny, hadysalary, adam ahlagynyň dürli taraplaryny, dürli häsiýetleri umumylaşdyrmak bilen örän çeper, obrazly, anyk suratlandyryp görkezýär. Ol sungatyň täsirli görnüşidir, durmuşyň okuw kitabydyr. Çeper edebiýat okuwçylara hakykata, biziň daş-töweregimizi gurşap alan durmuşa akyl ýetirmegi öwretmekde, zähmet adamlaryna hormat goýmakda, watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetli serişdedir.

Edebiýat, 6 synp, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Klyçew R., Arazov D., 2022


«WEER» metody.
Bu metod çylşyrymly, köplenç, problemaly (çözgüdine garaşylýan) häsiýete eýe bolan temalary öwrenmäge gönükdirilen. Usulyň düýp manysynda temanyň ähli taraplary (meselem, gowy we ýaman, peýda we zyýan taraplary, artykmaçlyklary we kemçilikleri, beýleki häsiýetleri) hakynda maglumat berilýär. Bu pursatda olaryň her haýsysy aýratyn kesgitlenýär we şoňa laýyklykda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu interaktiw usul, okuwcylarda tankydy, logiki, analitiki, düşnükli pikirlenmäniň üstünlikli ösmegi, şeýle hem pikirlerini ýazmaça we dilden beýan etmek we goramak ukybyny döredýär.

«WEER» metody umumy temalaryň käbir taraplaryny aýratyn ara alyp maslahatlaşýan her bir gatnaşyjynyň we şol bir wagtyň özünde tutuş toparyň işjeň işini guramaga garadylandyr.

MAZMUNY.
1-nji sapak. Giriş. Çeper teksti derňew etmegiň usullary.
2-nji sapak. Çeper teksti derňew etmegi öwrenmek.
3-nji sapak. B. Kerbabaýewiň «Japbaklar» powestiniň «Keramat» bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
4-nji sapak. «Japbaklar» powestiniň «Sygyr söwdasy» bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
5-nji sapak. «Japbaklar» powestiniň «Aždarha» bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
6-njy sapak. H. Ysmaýylowyň «Mugallymyň gyzy» powestiniň mazmunyny özleşdirmek.
7-nji sapak. H. Ysmaýylowyň «Mugallymyň gyzy» powestiniň dowamynyň mazmunyny özleşdirmek.
8-nji sapak. Gafur Gulamyň «Meniň ogruja oglum» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
9-njy sapak. Barlag beýannamasyny ýazmak.
10-njy sapak. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
11-nji sapak. L.N. Tolstoýyň «Kawkaz ýesiri» powestiniň mazmunyny özleşdirmek.
12-nji sapak. Anna Paýtygyň «Ýurt eýesi» powestiniň I bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
13-nji sapak. Anna Paýtygyň «Ýurt eýesi» powestiniň II bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
14-nji sapak. Özbaşdak okalan çeper eserleri ara alyp maslahatlaşmak.
15-nji sapak. Gaýtalamak.
16-njy sapak. Halk aýdymlary. «Bibijan» halk aýdymynyň mazmunyny özleşdirmek.
17-nji sapak. «Bolma» halk aýdymynyň mazmunyny özleşdirmek.
18-nji sapak. «Bag seýline geledir» halk aýdymynyň mazmunyny özleşdirmek.
19-njy sapak. Magtymgulynyň «Näler görüner» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
20-nji sapak. Şahyryň «At ýanynda bellidir» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
21-nji sapak. Şahyryň «Yzlamaýan bolarmy?» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
22-nji sapak. Magtymgulynyň «Habar ber – şeýledir» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
23-nji sapak. Şahyryň «Bolar sen» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
24-nji sapak. Alyşir Nowaýynyň şygyrlarynyň mazmunyny özleşdirmek.
25-nji sapak. Ykbal Mürzäniň «Özbek bilen türkmeniň» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
26-njy sapak. Barlag beýannamasyny ýazmak.
27-nji sapak. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
28-nji sapak. Lengston Hýuzyň «Sag bol, ejejan» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
29-njy sapak. Özbaşdak okalan çeper eserleri ara alyp maslahatlaşmak.
30-njy sapak. Jelaleddin Rumynyň «Itiň ýatak salnyşy hakynda rowaýat» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
31-nji sapak. Şahyryň «Hor düşen eşek hakynda rowaýat» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
32-nji sapak. «Bakyllyk daragtyny gözlän adam hakynda rowaýat» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
33-nji sapak. Şahyryň «Ogurlanan goýun hakynda rowaýat» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
34-nji sapak. Gaýtalamak.
35-nji sapak. «Görogly» eposy.
36-njy sapak. «Görogly» eposynyň «Ar alyş» şahasynyň I bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
37-nji sapak. «Ar alyş» şahasynyň I bölüminiň dowamynyň mazmunyny özleşdirmek.
38-nji sapak. «Ar alyş» şahasynyň II bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
39-njy sapak. «Ar alyş» şahasynyň II bölüminiň dowamynyň mazmunyny özleşdirmek.
40-njy sapak. «Ar alyş» şahasynyň III bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
41-nji sapak. «Ar alyş» şahasynyň III bölüminiň dowamynyň mazmunyny özleşdirmek.
42-nji sapak. Özbaşdak okalan çeper eserleri ara alyp maslahatlaşmak.
43-nji sapak. Barlag beýannamasyny ýazmak.
44-nji sapak. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
45-nji sapak. R. Durdyýewiň «Oragatdy» powestiniň mazmunyny özleşdirmek.
46-njy sapak. Powestiň dördünji babynyň mazmunyny özleşdirmek.
47-nji sapak. Hojiakbar Şaýhowyň «Birinji synag» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
48-nji sapak. «Birinji synag» hekaýasynyň dowamynyň mazmunyny özleşdirmek.
49-njy sapak. Reý Bredberiniň «Bir günlük tomus» hekaýasynyň mazmunyny özleşdirmek.
50-nji sapak. Özbaşdak okalan çeper eserleri ara alyp maslahatlaşmak.
51-nji sapak. Artur Konan Doýluň «Meleler birleşigi» hekaýasynyň I bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
52-nji sapak. «Meleler birleşigi» hekaýasynyň I bölüminiň dowamynyň mazmunyny özleşdirmek.
53-nji sapak. «Meleler birleşigi» hekaýasynyň II bölüminiň mazmunyny özleşdirmek.
54-nji sapak. Gaýtalamak.
55-nji sapak. K. Gurbannepesowyň «Atamyň köp gaýtalan sözlerinden» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
56-njy sapak. A.S. Puşkiniň «Gyş gijesi» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
57-nji sapak. Şahyryň «Ädikçi» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
58-nji sapak. G. Seýitliýewiň «Adam we toprak» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
59-njy sapak. Şahyryň «Ene ýüregi» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
60-njy sapak. Barlag beýannamasyny ýazmak.
61-nji sapak. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
62-nji sapak. «Adam we bir döwüm nan» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
63-nji sapak. Y. Ýusupowyň «Türkmeniň» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
64-nji sapak. Şahyryň «Döwrana meňzär» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
65-nji sapak. «Halkyma» goşgusynyň mazmunyny özleşdirmek.
66-njy sapak. Oskar Uaýldyň «Garasöýmez Äpet» ertekisiniň mazmunyny özleşdirmek.
67-nji sapak. Özbaşdak okalan çeper eserleri ara alyp maslahatlaşmak.
68-nji sapak. Gaýtalamak.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Edebiýat, 6 synp, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Klyçew R., Arazov D., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


Следующие учебники и книги:
Предыдущие статьи:


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 00:15:42