Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019.
Учебник по черчению для 9 класса на туркменском языке.
Siz hem ýurdumyzy dünýä tanadan ata-babalarymyzyň, alymlarymyzyň işlerini dowam etdirýän ata-enelerimiziň, agadoganlarymyzyň hatarlaryny giňeltmek maksadynda gowy okap, pugta bilimleri eýelemäge çalyşmak arkaly beýik watanymyzyň gülläp ösmegi üçin dynman ak ýürekden bilim almaga çalşyň.
Ähli innowasion tehnikalaryň we tehnologiýalaryň durnukly ösmegi siz okuwçylara bagly. Bu ýerde çyzuwy başga ylymlar ýaly doly derejede eýelemek arkaly innowasion tehnikalary we tehnologiýalary taslamaga (proýektirlemäge) hereket etmek ýerlikli hasaplanýar.
PROÝEKTIRLEMÄGE DEGIŞLI GRAFIKI MESELELER.
Amalyýetdäki detalyň görnüşi özüne çekip bilýän ýagdaýda onuň görnüşini owadan hem-de birkemsiz şekilde üýtgetmek, agyrlygyny hem kemeldip, peýdalanmak üçin amatly edip gaýtadan proýektirlemä dizaýn diýilýär. Meselem, 18.1-nji a çyzgydaky detalyň agyrlygyny kemeltmek maksadynda onuň şekili (geometriýasy) gaýtadan proýektirlenýär. Netijede, 18.1-nji b, c, d çyzgylardaky görnüşe gelýär. Ýa-da ýene başgaça çeper proýektirleme ýoly gözlenýär.
Detala girizilen özgerişi çyzgy arkaly amala aşyrmagy çyzgyny gaýtadan döredijilikli proýektirlemek diýmek mümkin. Detalyň geometriýasy hyýalda üýtgedilip, ony gaýtadan döredijilikli proýektirlenen ýagdaýyny göz öňüne getirmek pikirlenme ukybyny ösdürýär. Çyzgyda döredijilikli proýektirleme elementlerini girizmek arkaly dürli dizaýn meselelerini çözmek mümkin bolýar.
MAZMUNY.
Giriş.
1-§. 8-nji synpda çyzuwdan alnan bilimleri gysgaça gaýtalamak we umumylaşdyrmak.
2-§. Kesikler.
3-§. Kesikleriň görnüşleri.
4-§. Kesiklerdäki şertleşikler we sadalaşdyrmalar.
5-§. Ýaryklar.
6-§. Ýaryklaryň görnüşleri.
7-§. Sada we ýerli ýaryklar. Olaryň çyzgylarda belgilenişi.
8-§. Barlag işi.
9-§. Görnüşiň ýarysy bilen ýarygyň ýarysynyň birleşdirilişi.
10-§. Görnüşiň bölegini ýarygyň bölegi bilen birleşdirip şekillendirmek.
11-§. Aksonometrik proýeksiýada (izometriýada) ýarygy şekillendirmek.
12-§. Frontal dimetriýada ýarygy şekillendirmek.
13-§. Kesik we ýaryk talap edilýän detallaryň eskizini çyzmak.
14-§. Eskiz çyzmak boýunça amaly sapak we tehniki surat çekmek.
15-§. Barlag işi.
16-§. Çyzgydaky şertleşikler we sadalaşdyrmalar.
17-§. Detalyň şekilini dizaýn esasynda konstruktiw üýtgetmäge degişli proýektirleme.
18-§. Proýektirlemäge degişli grafi ki meseleler.
19-§. Detalyň giňişlikdäki ýagdaýyny üýtgetmäge we gaýtadan proýektirlemäge degişli döredijilikli grafi ki işler.
20-§. Maşyngurluşyk çyzgylary. Önümleriň we konstruktorlyk resminamalarynyň görnüşleri.
21-§. Sökülýän we sökülmeýän birikdirmeler.
22-§. Hyrlar we olary çyzgylarda şekillendirmek.
23-§. Boltly birikdirmäni çyzmak.
24-§. Şpilkaly birikdirmäni çyzmak.
25-§. Barlag işi.
26-§. Ýönekeý gurnaýyş çyzgylaryny okamak.
27-§. Konstruirlemäge degişli meseleler.
28-§. Kompýuterde göni çyzyk, burç we tekiz şekilleri gurmak.
29-§. Kompýuteriň kömeginde berlen ýönekeý detallaryň giňişlikdäki ýagdaýyny we onuň şekilini dizaýn esasynda bölekleýin üýtgetmek.
30-§. Kompýuterde önümleri proýektirlemek.
31-§. Gurluşyk çyzgylary. Jaýyň plany. Ýarygy we fasady.
32-§. Gurluşyk çyzgylaryny okamak.
33-§. Barlag işi.
34-§. Baş plan çyzmak boýunça amaly sapak.
1-nji Goşmaça. Çyşyrymly ýaryklar.
2-nji Goşmaça. Shemalar.
3-nji Goşmaça. 1, 2, 3-nji grafi ki işler üçin wariantlar.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: черчение :: Rahmanow :: 9 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Нақшакашӣ, 8 синф, Раҳмонов И., 2019
- Sızıw, 8 klas, Rahmonov I., 2019
- Чийүү, 8 класс, Рахманов И., Юлдашева Д., Абдурахманова М., 2019
- Сызу, 9 сыныб, Рахманов И., 2019
Предыдущие статьи:
- Siziw, 9 klas, Rahmonov I., 2019
- Chizmachilik, 8 sinf, Rahmonov I., 2014
- Chizmachilik, 8 sinf, Rahmonov I., 2019
- Chizmachilik, 9 sinf, Rahmonov I., 2019