Обучалка в Телеграм

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019


Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019.

Учебник по истории для 8 класса на туркменском языке.

   VIII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersligi Size Watanymyzyň XVI asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli bolan taryhy barada bilim berýär.
Taryhçy alymlar Watanymyzyň taryhynyň bu döwrüne „Soňky orta asyrlar“ ýa-da „Üç hanlyklar döwri“ diýip at beripdirler. Bu döwür taryhymyzyň iň çylşyrymly, gapma-garşylyklara doly döwrüdir. Çünki bir wagtlar dünýäde meşhur bolan, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Temuriler döwleti XVI asyryň başlarynda doly ýykylypdy. Siz munuň sebäplerini VII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersliginden bilýärsiňiz. VIII synpda olary ýene bir ýatladyp geçýäris.

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019


Mawerannahrdaky we Horasandaky syýasy ýagdaý.
Size VII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersliginden mälim bolşy ýaly, Emir Temur aradan çykandan soň tagt üçin alnyp barylan göreşlerde ahyrky netijede onuň körpe ogly Şahruh Mürze ýenip çykdi.

Şahruh Mürze döwründe Temuriler soltanlygy amalda iki özbaşdak döwlete bölüp dolandyrylýar. Olaryň biri Horasan (paýtagty Hyrat), ikinjisi bolsa Mawerannahr (paýtagty Samarkant) döwletleridi. Horasanda Şahruh Mürze, Mawerannahrda bolsa ogly Mürze Ulugbek hökümdarlyk edýär.

Mürze Ulugbek aradan çykandan soň Mawerannahrda tagt üçin özara göreş güýçlenýär. Bu göreşde ahyrky netijede 1451-nji ýylda Miranşahning agtygy Soltan Abu Said Mürze Abulhaýrhan kömeginde ýeňiş gazanýar.
1458-nji ýylda Horasan hökümdary Abulkasym Babur aradan çykansoň Horasany hem eýeleýär. 1469-njy ýylda Abu Said Mürze öň temuriler garamagynda bolan Eýranyň günbatar bölegini eýeläp alan ak goýunlylara garşy göreşde heläk bolýar. Bu heläkçilikden soň Mawerannahr onuň ogullary hökümdar bolan amalda üç özbaşdak döwlete bölünip gidýär. Meselem, Samarkantda Soltan Ahmet, Ferganada Omarşeýh Mürze, Gissarda, Huttalonda we Badahşanda Soltan Mahmyt Mürze hökümdarlyk edýärler. Şeýle bolsa-da, Soltan Ahmet resmi taýdan Mawerannahryň hökümdary hasaplanýardy. Onuň döwründe ilat parahat we asuda ýaşaýar.

MAZMUNY.
Giriş.
I BAP. XV ASYRYŇ AHYRY – XVI ASYRYŇ BAŞLARYNDA MAWERANNAHR WE HORASANDAKY SYÝASY ÝAGDAÝ.
1-§. Deşti Gypjakdaky syýasy ýagdaý.
2-§. Mawerannahr we Horasandaky syýasy ýagdaý.
3-§. Zahiriddin Muhammet Babur we Muhammet Şeýbany han gatnaşyklary.
4-§. Mawerannahr we Horasanda şeýbanylar hökümdarlygynyň ornaşdyrylmagy.
II BAP. BUHARA HANLYGY WE BUHARA EMIRLIGI.
5-§. Buhara hanlygynyň döremegi.
6-§. Abdulla han II döwründe Buhara hanlygynyň ýokarlanmagy.
7-§. Buhara hanlygynda aştarhanylar dinastiýasy hökümdarlygynyň ornaşdyrylmagy.
8-§. Buhara hanlygynda merkezi häkimiýetiň gowşamagy.
9-§. Buhara hanlygynda döwlet dolandyryşy.
10-§. Buhara hanlygynda harby iş.
11-§. Buhara hanlygynda sosial-ykdysady durmuş.
12-§. Buhara hanlygynyň daşary syýasaty.
13-§. Buhara hanlygynda medeni durmuş.
14-§. Buhara emirliginiň döremegi.
15-§. Emirlikde merkezi häkimiýetiň pugtalandyrylmagy.
16-§. Buhara emirliginde döwlet dolandyryşy.
17-§. Buhara emirliginde harby iş.
18-§. Buhara emirliginde sosial-ykdysady durmuş.
19-§. Emirligiň şäherleri. Içki we daşary söwda.
20-§. Buhara emirliginiň daşary syýasaty.
21-§. Buhara emirliginde medeni durmuş.
III BAP. HYWA HANLYGY.
22-§. Hywa hanlygynyň döremegi.
23-§. XVII – XVIII asyryň birinji ýarymynda hanlykdaky syýasy ýagdaý.
24-§. Hywa hanlygynda goňratlar dinastiýasy hökümdarlygynyň ornaşdyrylmagy. XVIII asyryň ahyry – XIX asyryň birinji ýarymynda hanlygyň syýasy ýagdaýy.
25-§. Hywa hanlygynda döwlet dolandyryşy.
26-§. Hywa hanlygynda sosial-ykdysady durmuş. Şäher durmuşy.
27-§. Hywa hanlygynyň daşary syýasaty.
28-§. Hywa hanlygynda medeni durmuş.
29-§. Hywa hanlygynyň taryhy boýunça çeşmeler.
30-§. XVI – XIX asyryň birinji ýarymynda garagalpaklar.
31-§. Garagalpaklarda medeni we ruhy durmuşy.
IV BAP. XVIII – XIX ASYRYŇ BIRINJI ÝARYMYNDA KOKANT HANLYGY.
32-§. Kokant hanlygynyň döremegi.
33-§. XVIII asyryň ikinji ýarymy – XIX asyryň birinji ýarymynda Kokant hanlygynda syýasy ýagdaý.
34-§. Kokant hanlygynda döwlet dolandyryşy.
35-§. Kokant hanlygynda harby iş.
36-§. Kokant hanlygynda sosial-ykdysady durmuş.
37-§. Kokant hanlygynyň daşary syýasaty.
38-§. Kokant hanlygynda medeni durmuş.
39-§. Kokant hanlygynda tälim.
40-§. Özbek döwletleriniň ösüşde yza galmagynyň sebäpleri we netijeleri.
Jemleýji ders (özbaşdak işlemek).



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 23:29:37