Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015.
Учебник по истории для 5 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Watanyň kesgitlemesi: Watan! Bu sözüň aşagynda älem-älem many bar. Watan – eziz, mähriban we mukaddes ýurt diýmekdir.
Watan – biz doglan mekan. Göbek ganymyz daman toprak. Watan – bu altyn bişik. Ata-enemiz, garyndaşlarymyz we dostlarymyz bilen bile ýaşaýan ýer. Babalarymyzyň yzlary galan ýer. Eždatlarymyzyň ýurdy, ýürekdäki göwher.
Watan – Janajan şäheriňiz we obasyňyzdyr. Adamyň kalby, arzuw-umytlary, guwançlary we geljegi Watany bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Mukaddes «Watan» sözi mähriban «ene» sözi bilen ýanaşyk durýar. Çünki, Watan hem ene ýaly ýeke-täkdir.
KALENDARLARYŇ TARYHYNDAN.
Kalendaryň taryhy. «Kalendar» latynça söz. Türkmen dilinde «karz depderi», «her aýyň birinji güni» diýen manylary aňladýar. Durmuşymyzda bolsa kalendar – wagtyň günlere, hepdelere, aýlara we ýyllara bölüp hasaplanmagydyr. Kalendarda ýylyň, aýyň we günleriň atlary ýazylyp goýlan bolýar.
Häzir dünýäniň köp döwletlerinde, şonuň ýaly-da Özbegistanda hem peýdalanylýan kalendara «Grigorian kalendary» diýilýär. Kalendaryň watany. Ilkinji kalendar gadymy Müsürde döredildi. Müsürliler özleri üçin ýaşaýyş meselesi bolan Nil derýasynyň haçan daşýandygyna gözegçilik edipdirler.
Müsürliler Nil derýasynyň daşmagyna çenli kanallary arassalap, bentleri gurup goýmalydylar. Gündelik gözegçilik derýanyň indiki daşmagyna çenli aradan 365 gün geçýändigini görkezipdir. Şu sebäpli müsürliler 365 güni 30 günlük edip, 12 aýa bölüpdirler. Galan bäş güni baýram günlerine hökmünde ýylyň ahyryna goşmaça edip ýerleşdiripdirler. Şeýdip ilkinji ka lendar emele gelipdir. Ýöne, müsürliler ýyl hasabynda 6 sagada ýalňyşypdyrlar. Bu 6 sagatlyk tapawut her 4 ýylda bir sutkalyk ýalňyşlygy getirip çykarypdyr.
MAZMUNY.
Giriş: Taryhy hatyrasyz geljek ýok.
I bap. Taryh ylmy nämäni öwrenýär?.
1-§. Taryhy çeşmeler.
2-§. Kalendarlaryň taryhyndan.
3-§. Taryhda ýyl hasaby.
4-§. Dünýä kartasynyň taryhy.
II bap. Iň gadymy döwürlerde dünýä halklary.
5-§. Iň gadymy adamlar we olaryň menzilleri.
6-§. Gadymy adamlaryň durmuş terzi.
7-§. Arheologiýanyň taryhyndan.
III bap. Adamzat medeniýetiniň şekillenmegi.
8-§. Gaýadaş suratlary.
9-§. Ýazuw – adamzadyň beýik açyşy.
10-§. «Awesto» – eždatlarymyz döreden irki ýazuw taryhy çeşmesi.
11-§. Muzeýler.
IV bap. Ilkinji siwilizasiýalar, şäherler we döwletler.
12-§. Ýewropada we Amerikada ilkinji siwilizasiýalar.
13-§. Gadymy şäherleriň döreýşi.
14-§. Dünýäniň gadymy döwletleri.
15-§. Gadymy dünýäniň ýedi täsinligi.
16-§. Özbegistanyň çägindäki gadymy döwletler.
V bap. Söwda we aragatnaşyk.
17-§. Teňňeler – taryhyň şaýady.
18-§. Söwda ýollary.
19-§. Täze deňiz söwda ýollarynyň açylmagy.
20-§. Önümçilik tehnikasynyň emele gelmegi.
21-§. Transport serişdeleriniň oýlanyp tapylmagy.
22-§. Aragatnaşyk serişdeleriniň oýlanyp tapylmagy.
VI bap. Watanymyzda we Ýewropada ylym-bilimiň ösüşi.
23-§. Mekdep – bilim ojagy.
24-§. Ýurdumyzyň beýik alymlary.
25-§. Mürze Ulugbek we onuň akademiýasy.
26-§. Ýurt abadançylygy, edebiýat we sungat.
27-§. Ýewropada ylym-bilim açyşlary.
28-§. Türküstan magaryfperwerleri.
VII bap. Azatlyk üçin göreşen gahrymanlar.
29-§. Tomarisiň we Şyragyň edermenligi.
30-§. Spitameniň gahrymançylygy.
31-§. Araplara garşy halk azatlyk göreşi.
32-§. Jelaliddin Menguberdi halkymyzyň milli gahrymany.
33-§. Sahypgyran Emir Temur.
34–35-§. Soňky tabynlyk.
VIII bap. Özbegistanyň gadymy şäherleri, taryhy ýadygärlikleri.
36-§. Özbegistanyň taryhy şäherleri.
37-§. Özbegistanyň paýtagty Daşkent – 2200 ýaşda.
38–39-§. Özbegistanyň taryhy-binagärlik ýadygärlikleri.
IX bap. Adamzat taryhyndaky jahan uruşlary.
40-§. Birinji jahan urşy.
41-§. Birinji jahan urşy we Türküstan.
42-§. Ikinji jahan urşy.
43-§. Gitler Germaniýasynyň üstünden gazanylan ýeňşe Özbegistanyň goşan goşandy.
X bap. Dünýäda parahatçylyk we hyzmatdaşlyk üçin göreş.
44-§. Birleşen Milletler Guramasy (BMG).
45-§. BMG we dünýä çagalary.
XI bap. Özbegistan garaşsyz ösüş ýolunda.
46-§. Özbegistanyň garaşsyzlygynyň gazanylmagy.
47-§. Özbegistanyň ykdysadyýetindäki üstünlikler.
48-§. Ruhy we magaryf taýdan galkynyş.
49-§. Özbegistan we dünýä.
XII bap. Dünýä halklary XXI asyrda.
50–51-§. Dünýä howpsuzlygyna wehim.
52-§. XXI asyr – ylym-bilim we ösüş asyry.
Peýdalanylan edebiýatlar.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: история :: Joraýew :: 5 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Дүйнөлүк диндердин тарыхы, 10 класс, Исламов З., Рахимжанов Д., Нажмиддинов Ж., 2017
- Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Rajabow K., Zamonow A., 2017
- Тарихтан әңгімелер, 5 сыныб, Жураев У., 2015
- Тарыхтан аңгемелер, 5 класс, Жораев У., 2015
Предыдущие статьи:
- Промежуточное тестирование, история России, XIX век, 8 класс, Алексашкина Л.Н., 2015
- Япония, Полная история страны, Танака Т.
- Всё, что должен знать каждый образованный человек об истории, Спектор А.А., 2017
- Узбек давлатчилиги тарихи, Азамат Зие, 2001