Обучалка в Телеграм

Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017


Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017.

Учебник по зоологии для 7 класса на туркменском языке.

   Siz Özbegistanyň görer gözi, aýdyň geljegisiňiz. Zoologiýa dersligi sizi reňbe-reň we köp dürli haýwanat dünýäsine alyp girýär. Derslik size haýwanlaryň gurluşyna, ýaşaýşyna degişli bilimleri berýär. Size işjeň bilim almagy we özbaşdak pikirlenmegi öwredýär. Siz ony yhlas bilen öwrenseňiz haýwanlaryň durmuşyna degişli köp zatlary bilersiňiz. Alan bilimleriňiz size geljekde hünär saýlap almaga ýardam eder. Haýwanat we ösümlikler dünýäsini gowy bilen adam ony söýer we aýap saklar.
Ylmyň belentliklerne tarap ýolda Size üstünlikler ýaran bolsun!

Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017


Zoologiýa ylmy we onuň wezipeleri.
Zoologiýa — haýwanlary öwrenýän ylym. Zoologiýa (zoon — haýwan, logos — ylym) — haýwanlaryň gurluşyny, ýaşaýşyny, köpelişini we ösüşini öwrenýän ylym. Haýwanlaryň köpdürlüligini we ýaýraýşyny, tebigatda we adamyň durmuşynda olaryň ähmiýetini, gelip çykyşyny öwrenmek zoologiýanyň wezipelerine girýär. Zoologiýa birnäçe ylymlardan düzülendir. Olardan bir topary haýwanlaryň gurluşyny, köpelişini, ösüşini, ýer ýüzünde ýaýraýşyny, beýlekileri aýratyn toparlaryny öwrenýär.

Zoologiýa — iň gadymy ylym. Zoologiýa degişli iň gadymy eserleri biziň eramyzdan 4 asyr ozal beýik grek alymy Arastu ýazypdyr. Onuň eserlerinde haýwanlaryň 500-e golaý görnüşine häsiýetnama berlipdir. 16-17-nji asyrlarda ýaşan golland alymy Anton Lewenguk mikroskopda görünýän haýwanlary açypdyr. Şwed alymy Karl Linneý 18-nji asyrda haýwanlary görnüşlere, uruglara, otrýadlara, klaslara bölüp öwrenmegi teklip ädipdir. Iňlis alymy Ç.Darwin 19-njy asyryň ortalarynda haýwanlary öwrenmek arkaly özüniň dünýä ähmiýetli ewolýusion taglymatyny döretdi. Zoologiýa lukmançylyk, maldarçylyk we halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bagly.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
I BAP. Haýwanlar barada umumy maglumat.
1-§. Zoologiýa ylmy we onuň wezipeleri.
2-§. Haýwan organizminiň gurluşy, haýwanlaryň klassifikasiýasy.
II BAP. Bir öýjükliler, ýagny ýönekeý jandarlar.
3-§. Ýalan aýklylar klasy.
4-§ Žgutikler klasy.
5-§. Infuzoriýalar we sporalylar klaslary.
1-nji laboratoriýa işi. Tufelkanyň gurluşy, hereketlenişi e duýujylygy.
III BAP. Köp öýjükli jandarlar: boşiçegeýalylar tipi.
6-§. Gidroid polipler klasy: süýji suwda ýaşaýan gidrasy.
7-§. Deňiz boşiçegeýalylary.
IV BAP. Ýasy we tegelek gurçuklaryň tipleri.
8-§. Ýasy gurçuklar tipi: kiprikli gurçuklar klasy.
9-§. Ýasy gurçuklar tipi: sorujylar we lenta şekilli gurçuklar klaslary.
10-§. Tegelek gurçuklar tipi: adam askaridasy.
11-§. Parazit gurçuklaryň dürlüligi.
V BAP. Halkalylar tipi.
12-§. Ýagyş gurçugynyň daşky gurluşy, nerw sistemasy we ösüşi.
13-§. Ýagyş gurçugynyň içki gurluşy.
2-nji laboratoriýa işi. Ýagyş gurçugynyň daşky gurluşy, hereketlenişi we refleks emele getirişi.
VI BAP. Mollýuskalar tipi.
14-§. Garnaýakly mollýuskalar klasy.
15-§. Iki balykgulakly we kelleaýakly mollýuskalar klaslary.
VII BAP. Bognaýaklylar tipi.
7.1. Leňňeşekilliler klasy.
16-§. Derýa leňňejiniň daşky gurluşy we köpelişi.
17-§. Derýa leňňejiniň içki gurluşy.
7.2. Möýşekilliler klasy.
18-§. Haçly möýüň gurluşy we ýaşaýşy.
19-§. Möýşekillileriň köpdürllügi.
7.3. Mör-möjekler klasy.
20-§. Maý tomzagynyň daşky gurluşy.
21-§. Maý tomzagynyň içki gurluşy.
3-nji laboratoriýa işi. Mör-möjekleriň daşky gurluşy.
22-§. Mör-möjekleriň köpelişi we ösüşi.
23-§. Doly däl öwrülişli ösüp ulalýan mör-möjekler.
24-§. Doly öwrülişli ösüp ulalýan mör-möjekler: teňňeganatlylar otrýady.
25-§. Perdeganatlylar otrýady: balarylar.
26-§. Ikiganatlylar otrýady.
27-§. Mör-möjekleriň gelip çykyşy we ähmiýeti.
VIII BAP. Hordalylar tipi.
28-§. Lansetnik – pes gurluşly hordaly jandar.
8.1. Balyklar.
29-§. Daşky gurluşy, skeleti, ýüzgüç haltasy.
4-nji laboratoriýa işi. Balyklaryň daşky gurluşy we hereketlenişi.
30-§. Balyklaryň içki gurluşy.
31-§. Nerw sistemasy we duýgy organlary.
32-§. Balyklaryň köpelişi we ösüşi.
33-§. Balyklaryň köpdürlüligi: gemirçekli balyklar klasy.
34-§. Süňkli balyklar klasy: esasy sistematik toparlary we ähmiýeti.
8.2. Ýerde-suwda ýaşaýanlar klasy.
35-§. Köl gurbagasynyň daşky gurluşy we skeleti.
36-§. Köl gurbagasynyň içki gurluşy.
37-§. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň köpelişi, ösüşi we dürlüligi.
8.3. Süýrenijiler klasy.
38-§. Çakgan suwulganyň gurluşy, köpelişi we ösüşi.
39-§. Süýrenijileriň köpdürlüligi: teňňeliler otrýady.
40-§. Pyşdyllar we krokodiller otrýady.
8.4. Guşlar klasy.
41-§. Gögerçiniň daşky gurluşy.
42-§. Gögerçiniň skeleti we myşsalary.
5-nji laboratoriýa işi. Guşlaryň daşky gurluşy we ýelek örtügi.
43-§. Guşlaryň içki gurluşy we duýgy organlary.
44-§. Guşlaryň köpelişi, ösüşi we gelip çykyşy.
45-§. Guşlaryň möwsümleýin hadysalara uýgunlaşmagy.
46-§. Guşlaryň kördürlüligi: oazislerde ýaşaýan we çöl guşlary.
47-§. Suw basseýlerinde we suwuň ýakalarynda ýaşaýan guşlar.
48-§. Ýyrtyjy guşlar.
49-§. Guşçulyk.
8.5. Süýdemdirijiler synpy.
50-§. Itiň daşky gurluşy, skeleti we myşsalary.
51-§. Itiň içki gurluşy.
52-§. Süýdemdirijileriň köpelişi, ösüşi we gelip çykyşy.
53-§. Süýdemdirijileriň köpdürlüligi: ýumurtga guzlaýjylar, torbalylar, eşenliler.
54-§. Ýarganatlar we gemrijiler otrýadlary.
55-§. Ýyrtyjy süýdemdirijiler otrýady.
56-§. Deňiz süýdemdirijileri: last aýaklylar we kit şekilliler otrýadlary.
57-§. Toýnakly süýdemdirijiler.
58-§. Primatlar otrýady. Süýdemdirijileriň ähmiýeti.
59-§. Süýdemdirijiler synpyna degişli öý haýwanlary.
Tapmaçalaryň jogaplary.
Zoologiýa adalgalarynyň görkezijileri (*-nji suratlara degişli).



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 23:34:10