Обучалка в Телеграм

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019


Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.

Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019


FIRMA WE ONUŇ GÖRNÜŞLERI.
Mälim bolşy ýaly, haryt öndürmek we hyzmat etme prosesi kärhanalarda amala aşyrylýar. Döwlet emlägi esasynda döredilen kärhanalara — döwlet kärhanalary, hususy emläk esasynda döredilen kärhanalara bolsa hususy kärhanalar diýilýär. Şonuň ýaly-da, döwlet we hususy emläge esaslanan garyşyk görnüşdäki kärhanalar hem bolmagy mümkin.

Telekeçilik işi amala aşyrylýan kärhana firma diýilýär. Firma dürli harytlary we hyzmatlary peýda gazanmak üçin öndürýär. Firmalar, köplenç, hususy emläk esasynda döredilýär. Firmalar nähili emläk esasynda döredilişine, kim tarapyndan nähili dolandyrylyşyna, firmanyň peýdasy nähili paýlanyşyna we firmanyň işiniň netijesine kim we nähili jogap berýändigine garap dürli şekillerde bolýar.

MAZMUNY.
Derslikden peýdalanmak boýunça umumy görkezmeler.
I bap. Telekeçilik we önümçilik.
1-nji tema. Telekeçilik.
2-nji tema. Firma we onuň görnüşleri.
3-nji tema. Paýdarlar jemgyýeti.
4-nji tema. Firma açmak.
5-nji tema. Firmanyň pul serişdeleri we harajatlary.
6-njy tema. Umumy girdeji, peýda we zyýan.
7-nji tema. Ykdysady işiň derňewi.
8-nji tema. Firmany dolandyrmak — menejment.
9-njy tema. Marketing.
10-njy tema. Önümçilik we ekologiýa.
I baby gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar.
II bap. Döwlet we ykdysadyýet.
11-nji tema. Döwletiň ykdysady wezipeleri.
12-nji tema. Döwlet býujeti.
13-nji tema. Bank ulgamy.
14-nji tema. Döwletiň ykdysadyýetdäki roly.
II baby gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar.
III bap. Salgydyň görnüşleri.
15-nji tema. Girdeji salgydy.
16-njy tema. Emläk salgydy.
17-nji tema. Ýer salgydy.
18-nji tema. Aksiz we goşmaça gymmat salgydy.
III baby gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar.
IV bap. Ykdysady ösüş.
19-njy tema. Esasy makroykdysady görkezijiler.
20-nji tema. Ykdysady iler leme we ösüş.
21-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň ykdysady ukyby.
IV baby gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar.
V bap. Inflýasiýa we işsizlik.
22-nji tema. Inflýasiýa we onuň görnüşleri.
23-nji tema. Inflýasiýanyň netijeleri.
24-nji tema. Işçi güýji bazary we işsizlik.
25-nji tema. Sosial gorag serişdeleri.
V baby gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar.
VI bap. Dünýä ykdysadyýeti.
26-njy tema. Halkara söwda.
27-nji tema. Halkara ykdysady gatnaşyklar.
28-nji tema. Walýuta kursy.
29-njy tema. Dünýä ykdysadyýeti meseleleri.
30-njy tema. Dünýä maliýe-ykdysady krizisi.
VI baby gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar.
9-njy synpda geçilenleri gaýtalamak üçin test ýumuşlary.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 00:09:04