Himiýa, 10 synp, Ismatow I., Azamatowa D., Mominjanow M., 2022.
Учебник по химии для 10 класса на туркменском языке.
Bu ýyl himiýanyň ähmiýetli bolan bölümi - organiki himiýany öwrenýärsiňiz. Organiki himiýa himiýa ylmy we önümçiligiň ýokary depginde ösýän pudagy hasaplanýar. Häzirki wagtda birnäçe milliondan gowrak organiki birleşmeler bolup, olar arasynda bu güne çenli janly tebigatda duş gelmeýän maddalar bar. Bu maddalary almak himiýa alymlarynyň ylmy işjeňligi netijesidir.
Organiki maddalar Ýerdäki ýaşaýşyň maddy esasy hasaplanýar. Her bir janly organizmde onlap organiki birleşmeler: beloklar, lipidler, uglewodlar, nuklein kislotalar ýaly kompleksler, organizmiň ýaşaýyş işjeňligini üpjün edýän hemişelik üýtgeşmelerde bolan gormonlar, witaminler bar.
ALKANLARYŇ HIMIKI HÄSIÝETLERI WE ULANYLYŞY.
Alkanlaryň köp görnüşi bar bolup olaryň molekulalary meňzeş gurluşa eýe: uglerod atomlary bir-birine, wodorod atomlary bolsa bir kowalent baglanyşyklar bilen baglanyşan. Şonuň üçin alkanlaryň himiki aýratynlyklary esasan meňzeýär.
Ähli alkanlar pes himiki işjeňlik bilen häsiýetlendirilýär. Kislotalaryň, esaslaryň, duzlaryň erginleri bilen täsirleşmeýärler. Olara KMnO4 ýaly güýçli oksidleýji we aşgar metallar ýaly güýçli gaýtaryjy maddalar täsir etmeýär.
MAZMUNY.
I BAP ORGANIKI HIMIÝANYŇ GURLUŞ NAZARYÝETI HAKYNDA BAŞLANGYÇ DÜŞÜNJELER.
1.1. Organiki himiýanyň taryhy. Organiki birleşmeleriň özüne mahsus aýratynlyklary.
1.2. Organiki birleşmeleriň gurluş nazaryýeti.
1.3. Organiki birleşmelerde uglerodyň walentligi we oksidlenme derejesi.
1.4. Izomeriýa we onuň görnüşleri.
1.5. Organiki birleşmeleriň klassifikasiýalanmagy.
1.6. Organiki birleşmelere mahsus reaksiýa görnüşleri.
1.7. Organiki birleşmeler nomenklaturasy.
1.8. Organiki birleşmeler nomenklaturasy we izomeriýasyna degişli mesele we gönükmeler çözmek.
1.9. Amaly iş. Organiki birleşmeleriň nusgalary bilen tanyşmak we olary deňeşdirmek.
1.10. Amaly iş. Organiki birleşmeleriň düzümini analiz etmek.
II BAP UGLEWODORODLAR.
2.1. Alkanlar.
2.2. Alkanlaryň izomeriýasy we atlandyrylyşy.
2.3. Alkanlaryň alnyşy we fiziki häsiýetleri.
2.4. Alkanlaryň himiki häsiýetleri we ulanylyşy.
2.5. Sikloalkanlaryň gurluşy. Izomeriýasy we atlandyrylyşy.
2.6. Sikloalkanlaryň alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy.
2.7. Alkenler. Nomenklaturasy. Izomeriýasy.
2.8. Alkenleriň alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy.
2.9. Amaly iş. Etileniň alnyşy we häsiýetlerini öwrenmek.
2.10. Alkadienler. Gomologik hatary. Izomeriýasy. Atlandyrylyşy.
2.11. Alkadienleriň alnyşy, häsiýetleri, ulanylyşy.
2.12. Kauçuk. Rezin.
2.13. Alkinler. Gomologik hatary. Izomeriýasy. Atlandyrylyşy.
2.14. Alkinleriň alnyşy, häsiýetleri, ulanylyşy.
2.15. Aromatik uglewodorodlar. Gomologik hatary. Izomeriýasy. Atlandyrylyşy.
2.16. Aromatik uglewodorodlaryň alnyşy, häsiýetleri, ulanylyşy.
2.17. Stirol onuň alnyşy, häsiýetleri, ulanylyşy.
2.18. Uglewodorodlaryň tebigy çeşmeleri. Tebigy gaz.
2.19. Nebit we nebiti gaýta işlemek.
2.20. Daşkömür.
2.21. Amaly iş. Uglewodorodlaryň şar sterženli we masştably modellerini ýasamak.
2.22. Uglewodorodlaryň tebigy çeşmeleri, olaryň gaýtadan işlenen önümlerinden netijeli peýdalanmak.
2.23. Uglewodorodlaryň esasy synplaryna degişli mesele we gönükmeler çözmek.
2.24. Bap esasynda berkitmek üçin ýumuşlar.
III BAP KISLORODLY ORGANIKI BIRLEŞMELER.
3.1. Doýgun bir atomly spirtler. Gomologik hatary. Nomenklaturasy. Izomeriýasy.
3.2. Doýgun bir atomly spirtleriň alnyşy himiki häsiýetleri we ulanylyşy.
3.3. Köp atomly spirtler.
3.4. Etilenglikol. Gliseriniň häsiýetleri.
3.5. Amaly iş. Köp atomly spirtlere degişli tejribeler.
3.6. Fenollar we aromatik spirtler.
3.7. Fenollar we aromatik spirtler. Alnyşy. Ulanylyşy.
3.8. Ýönekeý efirler. Alnyşy we häsiýetleri.
3.9. Oksobirleşmeler. Aldegidler. Alnyşy we häsiýetleri.
3.10. Amaly iş. Spirtler we aldegidlere mahsus bolan reaksiýalar.
3.11. Ketonlar. Alnyşy we häsiýetleri.
3.12. Karbon kislotalar. Alnyşy we häsiýetleri.
3.13. Karbon kislotalar temasyna degişli meseleler çözmek.
3.14. Çylşyrymly efirler.
3.15. Amaly iş. Ösümlikleriň düzümindäki çylşyrymly efirler.
3.16. Ýaglar. Alnyşy we häsiýetleri.
3.17. Amaly iş.Ýaglardan sabyn almak.
3.18. Uglewodlar. Monosaharidler.
3.19. Disaharidler. Maltoza. Saharoza.
3.20. Polisaharidler. Krahmal. Sellýuloza.
3.21. Amaly iş. Uglewodlara degişli tejribeler.
3.22. Tebigy we emeli süýümler.
3.23. Amaly iş. Organiki birleşmeleri özüne mahsus bolan reaksiýalar esasynda anyklamak.
3.24. Tema degişli mesele we gönükmeler çözmek (1).
3.25. Tema degişli mesele we gönükmeler çözmek (2).
IV BAP DAŞKY GURŞAWY GORAMAK.
4.1. Organiki maddalary öndürmek senagaty.
4.2. Organiki çykyndylar we olary gaýtadan işlemek tehnologiýalary.
4.3. Amaly iş. Kagyzy gaýtadan işlemek.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Himiýa, 10 synp, Ismatow I., Azamatowa D., Mominjanow M., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: химия :: Ismatow :: Azamatowa :: Mominjanow :: 10 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Коррозия металлов с водородной деполяризацией, Учебное пособие, Бердникова Г.Г., Алехина О.В., Урядников А.А., Урядникова М.Н., 2022
- Ximiya, 7 klas, Xasanova S., Azamatova D., Ismatov I., 2022
Предыдущие статьи:
- Кимиё, 10 синф, Исматов И., Азаматова Д., Мӯминҷонов M., 2022
- Химия, 10 класс, Исматов И., Азаматова Д., Момунжанов M., 2022
- Химия, 10 сынып, Исматов И., Азаматова Д., Муминжонов M., 2022
- Ximiya, 10 klas, Ismatov Sh., Azamatova D., Móminjanov M., 2022