Обучалка в Телеграм

Biologiýa, Botanika, 6 synp, Pratow Ö., 2017


Biologiýa, Botanika, 6 synp, Pratow Ö., 2017.

Учебник по ботанике для 6 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçylar! Şu derslikden siz, tebigatda biçak orun tutýan ösümlikler dünýäsi bilen tanyşarsyňyz. Siz ösüm-likler baradaky ilkinji bilimleri başlangyç synplarda öwrenen «Bizi gurşaýan älem», «Tebigaty öwreniş» derslerinden alypdyňyz. Şol derslerde alan bilimleriňiz siziň üçin täze ylym — biologiýanyň bir bölümi bolan botanikany has-da ýokary derejede öwrenmegiňize kömek eder.

Biologiýa, Botanika, 6 synp, Pratow Ö., 2017


ÖSÜMLIK ÖÝJÜGINIŇ GURLUŞY.
Tebigatdaky janly jandarlara mahsus iň möhüm umumy alamatlardan biri olaryň öýjüklerden düzülenligidir.
Öýjük - janly organizmiň iň maýda düzüm bölegi. Ol dirilige mahsus ähli aýratynlyklary özünde jemleýär.

Ösümlikleriň ähli organlary öýjüklerden ybarat. Olar şekil taýdan tapawutlansa-da, içki gurluşyna görä bir-birine örän meňzeş bolýar. Öýjüklerde bolup geçýän ýaşaýyş prosesleri ýeke-täk kanuna laýyklykda amala aşýar.
Öýjügiň gurluşyny öwrenýän we ol barada doly taglymat berýän ylym sitologiýa (grekçe «sitos» - öýjük, «logos» — taglymat) diýlip atlandyrylýar.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
I bap. Ösümlikler dünýäsi bilen umumy tanyşlyk.
1-§. Botanika — ösümlikler baradaky ylym.
2-§. Gülli ösümlikler bilen umumy tanyşlyk.
3-§. Ösümlikleriň ýaşaýyş şekilleri.
II bap. Öýjük —ýaşaýşyň esasy.
4-§. Ösümlik öýjüginiň gurluşy.
5-§. Öýjükleriň ýaşaýşy.
6-§. Ösümlik dokumalary.
III bap. Gülli ösümlikleriň wegetatiw we generatiw organlary.
7-§. Köküň görnüşleri we ulgamlary.
8-§. Köküň içki gurluşy.
9-§. Şekli özgeren kökler.
10-§. Şaha.
11-§. Şahalaryň kördürlüligi.
12-§. Pyntyk.
13-§. Baldagyň içki gurluşy.
14-§. Şaha ulgamynyň şekillenmegi.
15-§. Yapraklaryň daşky gurluşy.
16-§. Ýönekeý we çylşyrymly ýapraklar.
17-§. Şahada ýapraklaryň ýerleşişi.
18-§. Yapraklaryň içki gurluşy.
19-§. Şekli özgeren şahalar.
20-§. Gül - ösümlikleriň generatiw köpeliş organy.
21-§. Gülleriň kördürlüligi.
22-§. Topbak güllüler.
23-§. Miweler.
24-§. Tohum.
IV bap. Gülli ösümlikleriň ýaşaýşy.
25-§. Ösümlikleriň mineral iýmitlenişi. K.ök basyşy. Dökünler.
26-§. Baldakda ýokumly maddalaryň hereketlenişi.
27-§. Yapraklarda organiki maddalaryň emele gelşi.
28-§. Ösümlikleriň dem alşy, iýmitlenişi. Ösümliklerde madda çalşygy.
29-§. Ösümlikleriň suw bugardyşy.
30-§. Güýz paslynda ösümlikler ýaşaýşynda bolup geçýän özgerişler.
31-§. Ösümlikleriň köpelişi.
32-§. Gülleriň tozanlanyşy.
33-§. Gülli ösümlikleriň jynsy köpelişi. Tohumlanma.
34-§. Miwe we tohumlaryň ýaýraýşy.
35-§. Tohumlaryň gögermegi.
36-§. Ösümlik —bitewi organizm.
37-§. Ösümlikler dünýäsine ekologik faktorlaryň täsiri.
V bap. Ösümlikleriň sistematikasy.
38-§ Ösümlikler sistematikasy barada maglumat.
39-§ Suwotular. Bir öýjükli ýaşyl suwotular.
40-§ Köp öýjükli ýaşyl suwotular.
41-§ Goňur we gyzyl suwotular bölümleri.
42-§ Mohlar bölümi.
43-§ Kyrkbogunlar bölümi.
44-§ Paporotnikler bölümi.
45-§ Ýalaňaç tohumly ösümlikler bölümi. Arça.
46-§ Yapyk tohumly ösümlikler barada maglumatlar.
47-§ Bägüller maşgalasy.
48-§ Kelemler maşgalasy.
49-§ Selmeler maşgalasy.
50-§ Malwalar maşgalasy.
51-§ Kösükliler maşgalasy.
52-§ Itüzümler maşgalasy.
53-§ Üzümler maşgalasy.
54-§ Kädiler maşgalasy.
55-§ Tozgalar (Çylşyrymly güller) maşgalasy.
56-§ Çigildemler maşgalasy.
57-§ Soganlar maşgalasy.
58-§ Bugdaýlar (Sümmülliler) maşgalasy.
59-§ Ýerde ösümlikler dünýäsiniň ösüşi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Biologiýa, Botanika, 6 synp, Pratow Ö., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 23:54:10