Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019

Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019.

Учебник по технологии для 9 класса на туркменском языке.

  Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okadylýan «Tehnologiýa» predmeti sizi özleşdiren temalaryňyzy amalda ulanyp bilmäge, eýelän bilimleriňizi durmuşa geçirmegi öwredýär.
Siz aşaky synplarda «Tehnologiýa we dizaýn» hem-de «Serwis hyzmaty» ýönelişleri boýunça metal we metal däl materiallary işläp bejermegiň usullaryny, dürli göwrümdäki öý-hojalyk serişdelerini taýýarlamagy, elektrotehnika işlerini ýerine ýetirmegi, milli, dünýä tagamlaryny bişirmegi, geýimleri hem-de zatlary biçmegi-tikmegi, dokamagyň ýönekeý we çylşyrymly usullaryny öwrenip, amaly endikleri eýelediňiz.
9-njy synpda bolsa hünärmentçilik önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasy, önümçiligiň we öý hojalykçylygynyň esaslary, elektronikanyň esaslary, kär saýlamaga ugrukdyrmak, döredijilikli taslama taýýarlamak boýunça bilimleri, endikleri we başarnyklary ösdürip, kompetensiýalara öwürmekde derslik size ýakyn kömekçiňiz bolar.

Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019


TEHNIKA WE ONUŇ HÄZIRKI ZAMAN ÖNÜMÇILIGINDÄKI ROLY.
Tehnikanyň kesgitlemesi, ösüş taryhy we gelejegi. Tehnika (grek. techne – sungat, ussatlyk) – adamyň işiniň serişdeleriniň toplumy bolup, önümçilik proseslerini amala aşyrmak we jemgyýetiň durmuş talaplaryny kanagatlandyrmaga hyzmat edýär. Jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüş prosesinde adamzadyň bilimi we önümçilik tejribesi tehnikada jemlenýär. Tehnika adamyň agyr zähmetini ýeňilleşdirýär we onuň netijeliligini artdyrýar, tebigaty jemgyýetiň islegine laýyk ýagdaýda özgertmäge mümkinçilik berýär.

Tehnika adamyň akyl we fi ziki zähmet bilen bagly tehnologik wezipelerini ýuwaş-ýuwaşdan öz üstüne alýar. Tehnikadan maddy we medeni baýlyk döretmekde, zähmet predmetlerine täsir etmekde, energiýa almakda, geçirmekde we bir görnüşden ikinji görnüşe öwürmekde, tebigaty we jemgyýeti ösdürmekde, kanunlary öwrenmekde, transportda we aragatnaşykda, maglumatlary ýygmakda, saklamakda, gaýtadan işlemekde we geçirmekde, gündelik  durmuş hyzmatynda, lukmançylykda we goranmany üpjün etmekde giňden peýdalanylýar. Häzirki zaman önümçiligiň bazar gatnaşygy bilen baglylygy. Bu günki günde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli ösgertmeler esasynda önümçiligi giňeltmek, netijeli we tygşytly ugurlary anyklamak we bäsdeşlik edip bilýän önümleri öndürmek möhüm ähmiýete eýe. Häzirki zaman önümçiligiň bazar gatnaşyklary bilen baglylygyny üpjün etmekden gözlenýän esasy maksat ähli kärhanalar öndürýän önümleriň oňat hilli bolmagy, bazar talaplaryna jogap bermegi we bazar gatnaşyklary şertinde bäsdeşlik edip bilmekden ybarat bolmalydyr. Häzirki wagtda agaç, metal işläp bejermek hem-de önümleri taýýarlamakda, ýasamakda özbaşdak döredijilik etmek we bazar ykdysadyýetiniň talaplary derejesindäki hile we dizaýna jogap berýän taýýar önümleri öndürmek üçin hünärmentlerde ýeterli şertler bardyr.

MAZMUNY.
Giriş.
TEHNOLOGIÝA WE DIZAÝN ÝÖNELIŞI.
1-nji bap. Hünärmentçilik önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasy.
1.1. Halk hünärmentleri tarapyndan eksport we içki bazar üçin öndürilýän önümler. Hünärmentçilikde peýdalanylýan seýrek materiallar we gural-enjamlar.
1.2. Hünärmentçilik önümleriniň daşky görnüşini, şekiliniň baglylygyny we bitewiligini üpjün edilişine görä bahalamak.
1.3. Kompozision bitewilik. Kiçi göwrümli sallançak ýasamak.
2-nji bap. Önümçiligiň we öý hojalykçylygynyň esaslary.
2.1. Tehnika we onuň häzirki zaman önümçiligindäki roly.
2.2. Önümçilikde ylmyň-tehnikanyň ösüşini çaltlandyrmak faktorlary we gelejegi. Döwrebap tehnologiýalar we täze materiallar.
3-nji bap. Elektronikanyň esaslary.
3.1. Awtomatika we awtomatik gurluşlar barada umumy düşünje.
3.2. Sifrli hasaplaýjy gurluşlar we olaryň wezipesi. Sifrli hasaplaýjy gurluşlarda ulanylýan shemalar.
3.3. «Lego» konstruktoryndan ýönekeý robot ýasamak.
4-nji bap. Döredijilikli taslama taýýarlamagyň tehnologiýasy.
4.1. Dizaýn komponentleri esasynda dürli önümleriň taslama wariantlaryny taýýarlamagyň usullary.
4.2. Taslama tanyşdyrylyşyny taýýarlamak we geçirmek.
SERWIS HYZMATY ÝÖNELIŞI.
1-nji bap. Hünärmentçilik önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasy.
1.1. Halk hünärmentleri tarapyndan eksport we içki bazar üçin öndürilýän önümler.
1.2. Hünärmentçilik önümleriniň daşky görnüşini, şekiliniň baglylygyny we bitewiligini üpjün edilişine görä bahalamak.
1.3. Aýallar jalbaryny biçmek we tikmek.
1.4. Gasynly ýassyjak tikmegiň tehnologiýasy.
2-nji bap. Önümçiligiň we öý hojalykçylygynyň esaslary.
2.1. Tehnika we onuň häzirki zaman önümçiligindäki roly.
2.2. Önümçilikde ylmyň-tehnikanyň ösüşini çaltlandyrmagyň faktorlary we gelejegi. Täze materiallar we döwrebap tehnologiýalar.
2.3. Geýim ýuwulýan maşyn. Geýim ýuwulýan maşynyň görnüşleri, gurluşy, işleýiş prinsipi, peýdalanandaky howpsuzlyk tehnikasy kadalary.
2.4. Dokamagyň çylşyrymly usullary.
2.5. Dizaýn we modelirlemek.
2.6. Karwing sungaty.
3-nji bap. Döredijilikli taslama taýýarlamagyň tehnologiýasy.
3.1. Dizaýn komponentleri esasynda dürli önümleriň taslama wariantlaryny taýýarlamagyň usullary.
3.2. Taslama tanyşdyrylyşyny taýýarlamak we geçirmek.
4-nji bap. Kär saýlamaga ugrukdyrmak.
4.1. Kär saýlamaga ugrukdyrmagyň tehnologiýasy.
4.2. Käre degişli şahsy plan düzmek. Professional gyzyklanmany we meýilliligi anyklamak boýunça amaly maşklary ýerine ýetirmek.
4.3. Saýlanan kesp-hünäre degişli maglumatlary toplamak we derňemek.
4.4. «Men saýlan käri eýelemekdäki geljekki planlarym» temasynda döredijilikli işiň tanyşdyrylyşy.
«Tehnologiýa» predmetine degişli terminleriň düşündirişi.
Peýdalanylan we hödürlenýän edebiýatlar.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


Следующие учебники и книги:
Предыдущие статьи:


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-04-16 01:31:15