Обучалка в Телеграм

Tebigaty öwreniş, 4 synp, Bahromow A., Şaripow Ş., Nabiýewa M., 2017


Tebigaty öwreniş, 4 synp, Bahromow A., Şaripow Ş., Nabiýewa M., 2017.

Учебник по естествознанию для 4 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Tomusky dynç alyşda hezil edip dynç alansyňyz. Tomus özboluşly ajaýyp pasyldyr. Bu döwürde günler uzyn, gijeler bolsa gysga bolýar. Günüň şöhleleri ülkämiziň çägine dikräk düşýär. Şonuň üçin günler yssy, asman bulutsyz bolýar.
Tomus çagalaryň iň söýgüli paslydyr. Tomusda çagalar ýaşytdaşlary bilen oýnaýarlar, suwa düşýärler, tebigatyň nygmatlaryndan lezzet alýarlar.

Tebigaty öwreniş, 4 synp, Bahromow A., Şaripow Ş., Nabiýewa M., 2017


Gün – Ýerdäki ýaşaýşyň çeşmesidir.
Gün çäksiz äleme dyngysyz ýagtylyk ýaýradyp durýar. Bu ýagtylygyň diňe bir bölegi Ýere gelýär. Ýerdäki bütin janly tebigat – ösümlikler we haýwanlar, şonuň ýaly-da, adam hem Gün sebäpli ýaşaýar.

Gün birdenkä gaýyp boldy, diýip çak edeliň. Onda Ýerde nähili özgerişleriň bolmagy mümkin? Ilki bilen, hemme ýeri tüm garaňkylyk örter. Asmandaky Aýyň ýagtylygy hem ýitýär. Çünki Aý özüden ýagtylyk çykarmaýar, ol diňe Gün şöhlesini aýna ýaly bize serpikdirýär. Günüň ýagtylygy bolmasa Ýer ýüzi tiz sowap giderdi. Hemme ýer gar-buzluklar bilen örtülerdi. Derýalardaky we ýaplardaky, hatda, wodoprowoddaky suwlar hem togtap galardy. Mahlasy, hemme ýeri wehimli garaňkylyk basyp, aýazly sowuk eýelärdi. Günüň ýagtylygy bolmasa ösümlikler hem ösmezdi, haýwanlar hem ýaşap bilmezdi. Miwegök önümler, azyklar hem bolmazdy. Şonuň üçin hem, Gün – Ýerdäki ýaşaýşyň çeşmesidir diýmek mümkin.

MAZMUNY.
Giriş. Ülkämiziň tebigaty.
Ýer – Gün sistemasyndaky planeta Ýyldyzlar. Gün.
Planetalar.
Gün sistemasyndaky başga asman jisimleri.
Aý – Ýeriň tebigy hemrasy.
Ýer şary. Globus.
Gündiz we gije. Ýylyň pasyllary.
Ýer ýüzüniň tebigatynyň köpdürlüligi Gorizont we onuň taraplary.
Ýer üstüniň esasy şekilleri.
Ýerasty baýlyklar.
Kartalar.
Özbegistan Respublikasynyň fiziki kartasy.
Suw basseýnleri.
Ösümlik we haýwanat älemi.
Tebigy zolaklari.
Çöller we oazisler.
Özbegistanyň baýyrlary.
Ülkämiziň daglarynyň tebigaty.
Tokaýlar.
Özbegistandaky tebigy baýlyklar.
Özbegistanyň goraghanalary.
Watanymyz boýunça syýahat Watanymyzyň kartasynyň ýanynda.
Daşkent şäheriniň we Daşkent welaýatynyň tebigaty.
Namangan, Andijan we Fergana welaýatlarynyň tebigaty.
Syrderýa, Jyzzak we Samarkant welaýatlarynyň tebigaty.
Kaşgaderýa we Surhanderýa welaýatlarynyň tebigaty.
Buhara we Nowaýy welaýatlarynyň tebigaty.
Garagalpagystan Respublikasynyň we Horezm welaýatynyň tebigaty.
Özbegistanyň tebigatyny goramak.
Özbegistandaky tebigat ýadygärlikleri we taryhy zyýaratgähler.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Tebigaty öwreniş, 4 synp, Bahromow A., Şaripow Ş., Nabiýewa M., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 00:12:09