Обучалка в Телеграм

Terbiýe, 4 synpy, Shermuxamedova S., 2020


Terbiýe, 4 synpy, Shermuxamedova S., 2020.

Учебник по воспитанию для 4 класса на туркменском языке.

   Ulugbekiň ata-enesi daşary ýurda gulluk saparyna gitdiler. Ulugbek 4-nji synpda okuwyny awstraliýaly ýaşytdaşlary bilen başlady. Täze dostlar edindi, şäheriň owadan ýerleri oňa örän ýakdy. Ýöne ol hemişe özünde nämedir ýetişmeýänligini duýýardy.
Ol, köplenç, düýşünde özi doglan howlusyny, ýakynlaryny, dostlaryny görüp, olary küýseýärdi. Kakasy Ulugbekiň keýpine düşünip: «Watan bizsiz gününi görmegi mümkin. Watan ýüzlerçe we müňlerçe adamlarsyz hem ýaşaýar.

Terbiýe, 4 synpy, Shermuxamedova S., 2020


MEKDEP - IŇ BEÝIK KÖŞK.
Mekdebiň bosagasyna ilkinji ädim äden günüňizi ýatlaň. Ilkinji jaň, birinji mugallym, birinji ders -bularyň ählisi adamyň kalbynda müdimilik saklanyp galýan hatyralar. Mekdep - beýik köşk. Hakykatdan hem, jemgyýetiň buýsanjy bolan köp adamlar hut şu ýerden ýetişip çykýarlar. Bu nähili gazanylýar? Elbetde, bilim almaga we kitap okamaga bolan muhabbet sebäpli. Bu ýolda bizi iň esasy kömekçimiz mugallymdyr. Mugallymyň beren terbiýesine, öwütlerine we sapaklaryna näçe ünsli bolsak, üstünlikleriň çür depesine şonça aňsat ýakynlaşarys.

Mekdebi biz ikinji öýümiz saýýarys. Şonuň üçin hem dynç alyş günlerinde biz mugallymlarymyzy we gadyrdan mekdebimizi küýseýäris. Maşgalamyz gurşawynda bolan söhbetlerde hem, köplenç, ata-enelerimiz özleriniň mekdep döwürlerini, mugallymlaryny buýsanç we küýseg bilen ýatlaýarlar.

MAZMUNY.
3-nji synpda öwrenenlerimizi gaýtalaýarys.
1-nji ТЕМА: Watan waspy.
2-nji ТЕМА: Özbegistan - köp milletli döwlet.
3-nji ТЕМА: Mert we edermen adam - Watanyň daýanjy.
4-nji ТЕМА: Babalarymyzyň gymmatly mirasy.
5-nji ТЕМА: Mekdep - iň beýik köşk.
6-7-nji TEMALAR: Kitap - beýik pähimdar.
8-nji ТЕМА: Bilim - deňi-taýsyz hazyna.
Gaýtalamak.
9-njy ТЕМА: Watanyň baýdagyny belent galdyralyň.
10-njy ТЕМА: Ýagşylyk etmek hikmeti.
11-12-nji TEMALAR: Mümkinçilik we tutanýerlilik.
13-nji ТЕМА: Dogruçyllyk.
14—15-nji TEMALAR: Halallyk - üstünligiň açary.
Gaýtalamak.
16-njy ТЕМА: Dile hormat - ile hormat.
17-18-nji TEMALAR: Tygşytlylyk.
19-njy ТЕМА: Oňun häsiýetler - adam görki.
20-nji ТЕМА: Üstünlik — jebisleşmede.
21-nji ТЕМА: Ähli adamlar kanunyň öňünde deňdirler.
22-23-nji TEMALAR: Howply ýagdaýlarda näme etmeli?.
24-nji ТЕМА: Bagt maşgaladan başlanýar.
25-nji ТЕМА: Maşgala kitap söýüjiligi - üstünligiň binýady.
26-njy ТЕМА: Ene - beýik ynsan.
27-nji ТЕМА: Saglyk - uly baýlyk.
28-nji ТЕМА: Sagdyn durmuş üçin zerurgün tertibi.
29-njy ТЕМА: Adamy ýatlamak - milli gymmatlyk.
Jemleýji gaýtalamak.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Terbiýe, 4 synpy, Shermuxamedova S., 2020 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 01:31:03