Обучалка в Телеграм

учебник на туркменском языке

Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019

Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019.

Учебник по географии для 9 класса на туркменском языке.

   Siz aşaky synplarda «Fiziki geografiýanyň başlangyç kursy», «Materikleriň we okeanlaryň fiziki geografiýasy», «Orta Aziýanyň we Özbegistanyň fiziki geografiýasy» hemde «Özbegistanyň ykdysady we so-sial geografiýasy» kurslarynda geografiýa ylmyna degişli dürli maglumatlar bilen tanyşdyňyz. 9-njy synpda okadylýan «Dünýäniň ykdysady-sosial geografiýasy» kursy dünýäniň ykdysadyýetine, syýasatyna, ekologiýasyna, medeniýetine, mahlasy, durmuşyň ähli diýen ýaly taraplaryna mälim derejede baglanyşyklydyr. Bu predmet okuwçylara dünýä we onuň käbir böleklerine mahsus gaýtalanmaz geografik aýratynlyklary görkezip berýän, sosial-ykdysady ösüş prosesi we kanunalaýyklyklary barada jikme-jik maglumat bermegi bilen ähmiýetlidir.
Dersligiň esasy maksady - Size dünýä we onuň iri ýurtlarynyň ykdysady we sosial geografiýasyna degişli häzirki zaman bilim bermek, özbaşdak bilim almaga we ony amalyýetde ulanmagy öwretmekden ybaratdyr.

Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019
Скачать и читать Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019
 

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.

Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
Скачать и читать Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
 

Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019

Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019.

Учебник по черчению для 9 класса на туркменском языке.

   Siz hem ýurdumyzy dünýä tanadan ata-babalarymyzyň, alymlarymyzyň işlerini dowam etdirýän ata-enelerimiziň, agadoganlarymyzyň hatarlaryny giňeltmek maksadynda gowy okap, pugta bilimleri eýelemäge çalyşmak arkaly beýik watanymyzyň gülläp ösmegi üçin dynman ak ýürekden bilim almaga çalşyň.
Ähli innowasion tehnikalaryň we tehnologiýalaryň durnukly ösmegi siz okuwçylara bagly. Bu ýerde çyzuwy başga ylymlar ýaly doly derejede eýelemek arkaly innowasion tehnikalary we tehnologiýalary taslamaga (proýektirlemäge) hereket etmek ýerlikli hasaplanýar.

Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019
Скачать и читать Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019
 

Biologiýa, 9 synp, Zikirýaýew A., Tohtaýew A., Azimow I., Sonin N., 2019

Biologiýa, 9 synp, Zikirýaýew A., Tohtaýew A., Azimow I., Sonin N., 2019.

Учебник по биологии для 9 класса на туркменском языке.

   Biologiýa — ýaşaýyş baradaky ylym bolup, grekçe “bios” — ýaşaýyş, “logos” – taglymat (ylym) diýen manyny aňladýar.
Biologiýa adalgasy 1802-nji ýylda fransuz alymy J.B.Lamark we nemes alymy G. R. Trewiranus tarapyndan ylma girizilipdir. Biologiýa ýaşaýyş, onuň şekilleri, gurluşy, ösüş kanunalaýyklyklary baradaky ylym.
Biologiýanyň öwrenýän obýekti bu – wiruslar, mikroorganizmler, kömelekler, ösümlikler, haýwanlar, adam we olaryň organlary, dokuma, öýjük düzümi, öýjüklerde geçýän prosesleriň hem-de organizmiň şahsy we taryhy ösüşi, olaryň özara organiki däl tebigat bilen aragatnaşygy hasaplanýar.

Biologiýa, 9 synp, Zikirýaýew A., Tohtaýew A., Azimow I., Sonin N., 2019
Скачать и читать Biologiýa, 9 synp, Zikirýaýew A., Tohtaýew A., Azimow I., Sonin N., 2019
 

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019.

Учебник по геометрии для 9 класса на туркменском языке.

   9- njy synpda geometriýanyň planimetriýa bölümini – tekiz geometrik figuralaryň häsiýetlerini öwrenmek dowam etdirilýär. Onda siz geometrik öz-özüne öwrülmeler, figuralaryň meňzeşligi, üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar, töweregiň uzynlygy we tegelegiň meýdany, üçburçlukdaky we töwerekdäki metrik gatnaşyklar bilen t anyşarsyňyz.
Şu dersligiň mazmuny berk aksiomatik ulgam esasynda gurlandyr. Ondaky nazary materiallar mümkingadar sada we düşnükli dilde beýan edilendir. Ähli temalar we düşünjeler durmuşdan alnan dürlüçe mysallar arkaly açyp görkezilen. Her bir temadan soň berlen soraglar, subut etmäge, hasaplamaga we gurmaga degişli mesele we mysallar okuwçyny döredijilikli pikirlenmäge ündeýär, oňa özleşdirilen bilimleri çuňlaşdyrmaga we berkitmäge kömek edýär. Derslik özüniň özboluşly dizaýny we sapak materialynyň gökezmeliligi bilen hem tapawutlanýar. Onda getirilýän surat we çyzgylar sapagyň materialyny has gowy özleşdirmäge hyzmat ed ýär.

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019
Скачать и читать Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019
 

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019.

Учебник по истории для 8 класса на туркменском языке.

   VIII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersligi Size Watanymyzyň XVI asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli bolan taryhy barada bilim berýär.
Taryhçy alymlar Watanymyzyň taryhynyň bu döwrüne „Soňky orta asyrlar“ ýa-da „Üç hanlyklar döwri“ diýip at beripdirler. Bu döwür taryhymyzyň iň çylşyrymly, gapma-garşylyklara doly döwrüdir. Çünki bir wagtlar dünýäde meşhur bolan, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Temuriler döwleti XVI asyryň başlarynda doly ýykylypdy. Siz munuň sebäplerini VII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersliginden bilýärsiňiz. VIII synpda olary ýene bir ýatladyp geçýäris.

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019
 

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019.

Учебник по праву для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Soňky ýyllarda, garaşsyzlygy gazananymyzdan soňky döwürde ilkinji gezek garaşsyzlygyň düýp manysyny aňladýan taglym — ynsan bähbitlerini döwletimiziň işiniň merkezine alyp çykmak taglymy öňe sürüldi. Erkin, özbaşdak ýaşamak, özüniň mümkinçiliklerini, ukybyny doly ýüze çykarmak ähli şertler taýýar edilen ýerde ýaşamak, güzeran geçirmek her bir adamzadyň ozaldan arzuwy bolup gelipdir. Adamyň bu arzuwunyň amala aşmagy, onuň ýaşaýan ýurdunyň hakyky erkin, bagtly durmuşy üpjün edip bilmegi üçin şu ýurtda belli bir ykdysady-sosial we syýasy-hukuk şert bolmalydyr. Bu ýerde adam hukuklaryna we azatlyklaryna bolan üns iň ýokary derejede bolmalydyr. Çünki adam özüni özbaşdak we bagtly duýmagy üçin, ilki bilen, hökman onuň hukuklary we azatlyklary üpjün edilen bolmaly.

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
Скачать и читать Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
 

Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019

Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019.

Учебник по истории для 8 класса на туркменском языке.

   Siz VIII synpda ynsanyýetiň ösüşiniň soňky basgançagy — Täze taryh wakalary bilen tanyşmagy başlarsyňyz. Täze taryh adamlaryň tebigy deňligi, şahsyň erkinligi we şany ýaly demokratik düşünjelere esaslanan täzeçe dünýägaraýşyň şekillenmegi bilen Orta asyrlardan tapawutlanýar. Täze döwrüň iň harakterli taraplaryndan biri dünýäni täzeçe düşünmek esasynda ynsanyň ugurtapyjylygy, telekeçiligi üçin giň mümkinçilikleriň açylmagynda ýüze çykdy.

Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019
Скачать и читать Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019
 
Показана страница 14 из 26