Обучалка в Телеграм

учебник на туркменском языке

Geometriýa, 8 synp, Rahimkariýew A.A., Tohtahodjaýewa M.A., 2017

Geometriýa, 8 synp, Rahimkariýew A.A., Tohtahodjaýewa M.A., 2017.

Учебник по геометрии для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Öňki temadan mälim bolşy ýaly, parallelogramyň häsiýetlerini ulanmak üçin köp ýagdaýlarda berlen dörtburçlugyň hakykatdan hem parallelogramdygyna göz ýetirmeli. Muny kesgitlemä görä (2-nji temadaky 1-nji meselä g.) ýa-da berlen dörtburçlugyň parallelogramdygyny tassyklaýan şertler – nyşanlar arkaly subut etmeli bolýar. Köplenç amalyýetde ulanylýan parallelogramyň nyşanlaryny subut edýäris. Indi parallelogramyň nyşanlary bilen tanyşýarys.

Geometriýa, 8 synp, Rahimkariýew A.A., Tohtahodjaýewa M.A., 2017
Скачать и читать Geometriýa, 8 synp, Rahimkariýew A.A., Tohtahodjaýewa M.A., 2017
 

Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017

Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017.

Учебник по зоологии для 7 класса на туркменском языке.

   Siz Özbegistanyň görer gözi, aýdyň geljegisiňiz. Zoologiýa dersligi sizi reňbe-reň we köp dürli haýwanat dünýäsine alyp girýär. Derslik size haýwanlaryň gurluşyna, ýaşaýşyna degişli bilimleri berýär. Size işjeň bilim almagy we özbaşdak pikirlenmegi öwredýär. Siz ony yhlas bilen öwrenseňiz haýwanlaryň durmuşyna degişli köp zatlary bilersiňiz. Alan bilimleriňiz size geljekde hünär saýlap almaga ýardam eder. Haýwanat we ösümlikler dünýäsini gowy bilen adam ony söýer we aýap saklar.
Ylmyň belentliklerne tarap ýolda Size üstünlikler ýaran bolsun!

Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017
Скачать и читать Zoologiýa, 7 synp, Mawlanow O., 2017
 

Geografiýa, 7 synp, Gulamow P., 2017

Geografiýa, 7 synp, Gulamow P., 2017.

Учебник по географии для 7 класса на туркменском языке.

   7-nji synpda Siz ýurdumyz - Özbegistan Respublikasynyň ýerleşýän tebigy geografik ülkesi bolan Orta Aziýanyň fiziki geografiýasy bilen Watanymyzyň fiziki geografiýasyny öwrenersiňiz. Orta Aziýanyň geografik ýerleşişi, özboluşly aýratynlyklary, geologik gurluşy, relýefi, gazylyp alynýan peýdaly zatlary, klimaty, suwlary, topraklary, ösümlikleri, haýwanat dünýäsi, tebigatdan, onuň baýlyklaryndan akylly-başly peýdalanmak meseleleri bilen tanyşarsyňyz. Şonuň bilen birlikde, geografiýany öwrenende kartalardan peýdalanmagy, kartalaryň nähili işlenişini, gömüşlerini, topografik kartalary, olardan nähili peýdalanmagy öwrenersiňiz. Yene wagt hasaby, sagat guşaklyklary, klimaty emele getirýän faktorlar, topraklar hakynda umumy düşünjelere eýe bolarsyňyz.

Geografiýa, 7 synp, Gulamow P., 2017
Скачать и читать Geografiýa, 7 synp, Gulamow P., 2017
 

Gadymy dünýä taryhy, 6 synp, Sagdullaýew A., Kosteskiý W., 2017

Gadymy dünýä taryhy, 6 synp, Sagdullaýew A., Kosteskiý W., 2017.

Учебник по истории для 6 класса на туркменском языке.

   5-nji synpda «Taryhdan hekaýalar» bilen tanyşypdyňyz. Siz indi uzak geçmiş hakyndaky bilimleriň nähili toplanýandygyny bilip aldyňyz.
6-njy synpda alys-alys zamanlara syýahatymyzy dowam etdireris, iň gadymky döwletleriň we halklaryň taryhy, medeniýeti we urp-adatlary bilen tanyşarys.

Gadymy dünýä taryhy, 6 synp, Sagdullaýew A., Kosteskiý W., 2017
Скачать и читать Gadymy dünýä taryhy, 6 synp, Sagdullaýew A., Kosteskiý W., 2017
 

Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015

Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015.

Учебник по чувству родины для 6 класса на туркменском языке.

   Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-njy synplary üçin niýetlenen şu okuw gollanmasy Özbegistan Respublikasynyň Prezident Islam Karimowyň «Belent ruh – ýeňilmez güýç» hem-de «Özbegistan garaşsyzlyk gazanmagyň bosagasynda» kitaplary esasynda gaýtadan işlenen. Onda Watana bolan söýgi we watansöýüjilik esaslaryny şekillendirýän temalar okuwçylaryň özboluşly düşünjelerini we göz öňüne getirmelerini hasaba almak bilen, gyzykly mysallar, durmuşdan alnan deliller hem-de häzirki zaman metodik usullar arkaly açyp görkezilen.

Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015
Скачать и читать Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015
 

Fizika, 6 synp, Turdiýew N.Ş., 2017

Fizika, 6 synp, Turdiýew N.Ş., 2017.

Учебник по физике для 6 класса на туркменском языке.

   Eliňizdäki kitap Siziň üçin täze okuw predmeti bolan «Fizika» dersliginiň birinjisidir. Soňky 7–9-njy synplarda hem «Fizika»dan okuw dersleri dowam eder.
Şu okuw predmetini öwrenmek näme üçin zerur?
Daş-töweregiňize seretseňiz, ýagýan gary ýa-da ýagyşy, süýşýän bulutlary, ýaplardan ýa-da derýalardan akýan suwy görersiňiz. Bularyň ählisi tebigat hadysalarydyr. Bizi gurşaýan tebigatdaky özgerişler ýaşaýşymyza gönüden-göni täsir edýär. Tebigatda bolup geçýän hadysalaryň kanunalaýyklyklaryny öwrenmek, ondan öndürijilikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Kanunalaýyklyklary öwrenmek bilen ynsan öz zähmetini ýeňilleşdirýän maşynlary oýlap tapypdyr. Gündelik durmuşymyzy elektriksiz, ýangyçsyz, arassa suwsuz göz öňüne getirip bilmeýäris.

Fizika, 6 synp, Turdiýew N.Ş., 2017
Скачать и читать Fizika, 6 synp, Turdiýew N.Ş., 2017
 

Tehnologiýa, 4 synp, Mannopowa I., Mawlanowa R., Ibragimowa N., 2017

Tehnologiýa, 4 synp, Mannopowa I., Mawlanowa R., Ibragimowa N., 2017.

Учебник по технологии для 4 класса на туркменском языке.

   Siz “Tehnologiýa” dersliginiň kömeginde aşaky synplarda alan bilimleri, endikleri we başarnyklary berkitmek bilen dürli materiallardan has-da owadan zatlar, oýnawaçlar, modeller ýasamak tehnologiýasyny öwrenýärsiňiz, hünärment ussalaryň zat ýasaýan usullary bilen tanyşarsyňyz.
Derslikde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek netijesinde maglumatlary gözlemegi, ýerine ýetirmek tertibini ýada salmagy, maglumatlardan peýdalanmagy, özara synpdaşlar we ulular bilen gepleşmegi we birek-birege kömek etmegi, ylalaşyp işlemegi öwrenýärsiňiz.
Derslik size owadan zatlary we ajaýyp sowgatlary özbaşdak ýasamakda ýakyndan kömek eder. Olary ata-eneňize, jigileriňize, dostlaryňyza sowgat etseňiz hoşal bolarlar.
Derslikde işi ýerine ýetirmegiň tertibi we onuň basgançaklary beýan edilen. Berlen nusgalary gözden geçiriň, suratlary we çyzgylary öwreniň, ýerine ýetirende aşakdaky soraglara jogap bermäge çalyşyň.

Tehnologiýa, 4 synp, Mannopowa I., Mawlanowa R., Ibragimowa N., 2017
Скачать и читать Tehnologiýa, 4 synp, Mannopowa I., Mawlanowa R., Ibragimowa N., 2017
 

Şekillendiriş sungaty, 4 synp, Suleýmanow A., Rahmanow I., Suleýmanowa Z., 2017

Şekillendiriş sungaty, 4 synp, Suleýmanow A., Rahmanow I., Suleýmanowa Z., 2017.

Учебник по изобразительному искусству для 4 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçy! Şekillendiriş sungaty durmuşy şöhlelendirmekde, dünýäniň gözelliklerini duýmaga adama kömek edýändigini bilýärsiňiz. Siz şekillendiriş sungatynyň görnüşleri barada entek birinji synpda başlangyç maglumat alypdyňyz. Şekillendiriş sungaty özüniň şekillendirme usullaryna we başga taraplaryna garap, grafika, žiwopis we heýkaltaraşlyk ýaly görnüşlere bölünýär.

Şekillendiriş sungaty, 4 synp, Suleýmanow A., Rahmanow I., Suleýmanowa Z., 2017
Скачать и читать Şekillendiriş sungaty, 4 synp, Suleýmanow A., Rahmanow I., Suleýmanowa Z., 2017
 
Показана страница 15 из 25