Обучалка в Телеграм

учебник на туркменском языке

Organiki himiýa, 10 synp, Mutalibow A., 2017

Organiki himiýa, 10 synp, Mutalibow A., 2017.

Учебник по химии для 10 класса на туркменском языке.

  Organiki himiýa adamyň işiniň iň gadymy ugry hasaplanýar. Maddanyň häsiýetlerini çuňňur öwrenip we ondan adamyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda peýdalanmak şu günüň esasy meselelerinden biridir.
Şu kitap dört bapdan ybarat bolup, organiki himiýanyň zerur bolan ähli esasy temalaryny öz içine alýar. Her bir tema meseleler we gönükmeler bilen berkidilip barylan we şunuň bilen birlikde kynçylyk döredýän meseleleriň çözüw usuly düşündiriş esasynda görkezip berlen.

Organiki himiýa, 10 synp, Mutalibow A., 2017
Скачать и читать Organiki himiýa, 10 synp, Mutalibow A., 2017
 

Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019

Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019.

Учебник по литературе для 9 класса на туркменском языке.

   Türkmenleriň «edebiýat» sözi «edep» sözünden ýasalypdyr. Bu onuň esasy wezipesini alamatlandyrýar. Ýaşlara edep-terbiýe bermek, nesilleriň öňdebaryjy adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky tagallalar söz sungatynyň esasy wezipeleriniň biri.
Türkmen edebiýaty türkmen halkynyň uly ruhy hemaýatçysydyr. Ol köpmilletli Özbegistanymyzda adamlaryň gaýduwsyz, janaýamazlykly zähmetleri, senagatyň hem oba hojalygynyň öňdebaryjylarynyň gahrymançylykly zähmet üstünlikleri, halkyň eşretli durmuşy, dostluk, watansöýüjilik, internasionalizm, parahatçylyk ugrundaky göreşi beýan edýär. Çeper edebýat okyjyny ruhy taýdan terbiýelemek bilen, adamlara nähili ýaşamalydygyny, nähili zähmet çekmelidigini, nähili göreşmelidigini öwredýär, durmuşda täze-täze üstünlikler gazanmaga ruhlandyrýar. Türkmen edebiýaty adamlarda ýokary ahlagy terbiýelemek wezipesini amala aşyrýar.

Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019
Скачать и читать Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019
 

Watan duýgusy, 5 synp, Sultanow H., Karşybaýew M., 2015

Watan duýgusy, 5 synp, Sultanow H., Karşybaýew M., 2015.

Учебник по чувству родине для 5 класса на туркменском языке.

   Şu gollanma umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synplary üçin niýetlenen bolup, onda Watan we watanparwerlik bilen bagly bilimler we düşünjeler Prezident Islam Karimowyň «Yuksak ma’naviyat – yengilmas kuch» hemde «O‘zbekiston mustaqillikka erishish ostonasida» kitaplary esasynda baýlaşdyrylyp, häzirki zaman talaplary ruhunda beýan edilen.

Watan duýgusy, 5 synp, Sultanow H., Karşybaýew M., 2015
Скачать и читать Watan duýgusy, 5 synp, Sultanow H., Karşybaýew M., 2015
 

Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015

Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015.

Учебник по истории для 5 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Watanyň kesgitlemesi: Watan! Bu sözüň aşagynda älem-älem many bar. Watan – eziz, mähriban we mukaddes ýurt diýmekdir.
Watan – biz doglan mekan. Göbek ganymyz daman toprak. Watan – bu altyn bişik. Ata-enemiz, garyndaşlarymyz we dostlarymyz bilen bile ýaşaýan ýer. Babalarymyzyň yzlary galan ýer. Eždatlarymyzyň ýurdy, ýürekdäki göwher.
Watan – Janajan şäheriňiz we obasyňyzdyr. Adamyň kalby, arzuw-umytlary, guwançlary we geljegi Watany bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Mukaddes «Watan» sözi mähriban «ene» sözi bilen ýanaşyk durýar. Çünki, Watan hem ene ýaly ýeke-täkdir.

Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015
Скачать и читать Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015
 

Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020

Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020.

Учебник по музыке для 5 класса на туркменском языке.

  Eliňizdäki «Saz» dersligi Respublikamyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synp okuwçylary üçin Döwlet tälim standarty esasynda döredilen. Ondan ýer alan nazary we amaly materiallar hem-de saz we aýdymlar okuwçylary saz sungatynyň käbir žanrlary bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Olary milli buýsanç we watanperwerlik duýgulary esasynda terbiýeleýär.

Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020
Скачать и читать Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020
 

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020.

Учебник по математике для 5 класса на туркменском языке.

  Siz bu okuw ýylynda hem matematika bilen tanyşmagy dowam etdirersiňiz. Matematika müň ýyllar öň adamyň zerurlyklarynyň önümi hökmünde emele gelipdir. Onuň ösmegine beýik eždatlarymyz - gündogaryň meşhur alymlary, beýik matematik alymlary uly goşant goşupdyrlar. Häzir hiç bir adam matematikany bilmezden, öz durmuşyny doly göz öňüne getirip bilmeýär. Matematika size ýöne bir hasap-hesip işlerini öwretmän, iň esasysy-sizi mantyky pikirlenmäge,pikir ýöretmäge, durmuş meseleleriniň iň makul çözüwini tapmaga kömek eder, akylyňyzy ýitelder.
Eliňizdäki şu derslik haýyrly maksatlaryňyzy amala aşmagynda size hyzmatdaş bolar, biminnet kömekçi bolar. Onuň sahypalaryndan diňe bir matematika degişli maglumatlar bilen däl, eýsem tehnika, ylmyň taryhyna, daşky gurşawa we gündelik durmuşa degişli gyzykly we peýdaly maglumatlar bilen hem tanşarsyňyz. Bu maglumatlar dürli-dürli meseleler we mysallar görnüşinde size hödürlenilýär.

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020
Скачать и читать Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020
 

Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016

Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016.

Учебник по информатике для 5 класса на туркменском языке.

   Ylym we tehnika, aýratynam, informasion tehnologiýalar çalt ösýän häzirki döwürde her bir adam özüniň durmuşynda möhüm bolan bilimlere we başarnyklara eýe bolmalydyr.
Özbaşdak durmuşa aýgytly gadam basmak, daş-töweregimizde bolup geçýän özgerişlere we täzeliklere laýyklykda ýaşamak üçin her bir okuwçy aşakdaky bilimlere we başarnyklara eýe bolmalydyr:
– täze bilimleri gözlemeli;
– ýumuşlary, meseleleri we gönükmeleri çözende ýaşytdaşlaryňyz bilen hyzmatdaşlykda işleşmeli;
– bilimleri eýelemekde, ýumuşlary, meseleleri we gönükmeleri çözende kompýuterden peýdalanmaly.
5-nji synpda siz ilkinji gezek «Informatika» ylmyny öwrenersiňiz. Informatika derslerinde siz täze düşünjeleri öwrenip, meseleleri we ýumuşlary ýerine ýetireniňizde kompýuterden peýdalanarsyňyz. Informatika ylmy size daş-töweregiňizde, göz öňüňizde bolup geçýän hadysalara gowurak düşünmekde, täze bilimleri eýelemekde iň ýakyn kömekçiňiz bolar diýip umyt edýäris.

Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016
Скачать и читать Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016
 

Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015

Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015.

Учебник по географии для 5 класса на туркменском языке.

   Siz şu ýyldan başlap täze — “Geografiýa” ylmyny öwrenersiňiz. Biziň beýik atababalarymyz geografiýany gowy bilipdirler, şonuň üçin hem şu ylym barada gymmatly we gyzykly maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. Geografiýany gowy öwrenmek üçin Sizde şu derslikden daşary, "Fiziki geografiýanyň başlangyç kursy" atlasy, sudury karta hem-de gözenek çyzykly depder bolmaly. Şeýle hem, reňkli galamlar, çyzgyç, bozguç, sirkul we käbir ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bolsa kompas we globus hem gerek bolýar.

Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015
Скачать и читать Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015
 
Показана страница 21 из 26