Учебник по истории для 8 класса на туркменском языке.
VIII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersligi Size Watanymyzyň XVI asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli bolan taryhy barada bilim berýär.
Taryhçy alymlar Watanymyzyň taryhynyň bu döwrüne „Soňky orta asyrlar“ ýa-da „Üç hanlyklar döwri“ diýip at beripdirler. Bu döwür taryhymyzyň iň çylşyrymly, gapma-garşylyklara doly döwrüdir. Çünki bir wagtlar dünýäde meşhur bolan, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Temuriler döwleti XVI asyryň başlarynda doly ýykylypdy. Siz munuň sebäplerini VII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersliginden bilýärsiňiz. VIII synpda olary ýene bir ýatladyp geçýäris.
