Bedenterbiýe, 3 synp, Mahkamjanow K., Hojaýew F., 2016.
Учебник по физкультуре для 3 класса на туркменском языке.
3-nji synpda size örän köp gyzykly sapaklar garaşýar. Siz gimnastika, sport oýunlarynyň elementleri, ýagny umumösdürýän maşklary we gyzykly milli hereketli oýunlary öwrenersiňiz. Şeýle hem, organizmiňiz we fiziki ukyplaryňyzy ösdürmek üçin çylşyrymly maşklary ýerine ýetirmelidigini bilip alarsyňyz.
Mundan başga-da, siz üçünji synpda nähili maşklar bolmalydygyny, olaryň bir-birinden nähili tapawutlanýandygyny, olaryň haýsy sypatlary ösdürmek üçin ulanylýandygyny, maşklary we olardan nähili peýdalanmalydygyň ýollaryny öwrenersiňiz. Şunuň bilen birlikde, bedenterbiýe maşklarynyň toplumynyň özi nämedigini we olary nähili yzygiderlikde ýerine ýetirmekligi, özüňiziň beden taýdan ösüş derejäňize gözegçilik etmegi-de öwrenersiňiz. Derslerde sportuň käbir görnüşleri hakynda, olaryň gelip çykyşy, ösüşi hakynda gysgaça maglumatlara eýe bolarsyňyz.
