Книги по биологии для 7 класса на туркменском языке.
Siz 1-6-njy synplarda okuw dowamynda «Tebigy predmetler» derslerinde tebigat hakyndaky ençeme düşünje we adalgalar, kanunyýetler bilen tanyşdyňyz. Bu ýyl siz täze predmet – biologiýany öwrenmegi başlaýarsyňyz. «Tebigy predmetler»derslerinde özleşdiren bilimleriňizi indi siz üçin täze predmet – biologiýa arkaly ösdürip bararsyňyz. Eliňizde tutup duran derslik bolsa munda size kömek berýär. Biologiýa janly organizimleriň gurluşy we ýaşaýyş işjeňligi, köpdürliligi, taryhy we indiwidual ösüş kanunyýetlerini, şeýle hem ynsanyň janly tebigata täsirini öwrenýär.
Bu derslik kömeginde siz biologiýa derslerinde we özbaşdak ýagdaýda bakteriýalar, protoktistalar, kömelekler we ösümlikler, haýwanlaryň gurluşy we ýaşaýyş işjeňligi, olaryň köpeliş we ösüş aýratynlyklary, janly organizm görnüşleriniň köpdürliligi, olaryň tebigat we ynsan durmuşyndaky ähmiýeti hakynda bilimlere eýe bolarsyňyz.









Подписаться на RSS ленту ГДЗ, ЕГЭ, ГИА, подготовка к экзаменам, книги, готовые домашние задания, наука и обучение, анекдоты, презентации, словари, все для преподавателей, школьников для всех классов и студентов всех курсов. А ты Нашёл то, что тебе нужно?