Обучалка в Телеграм

Xaýdarow

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020.

Учебник по математике для 5 класса на туркменском языке.

  Siz bu okuw ýylynda hem matematika bilen tanyşmagy dowam etdirersiňiz. Matematika müň ýyllar öň adamyň zerurlyklarynyň önümi hökmünde emele gelipdir. Onuň ösmegine beýik eždatlarymyz - gündogaryň meşhur alymlary, beýik matematik alymlary uly goşant goşupdyrlar. Häzir hiç bir adam matematikany bilmezden, öz durmuşyny doly göz öňüne getirip bilmeýär. Matematika size ýöne bir hasap-hesip işlerini öwretmän, iň esasysy-sizi mantyky pikirlenmäge,pikir ýöretmäge, durmuş meseleleriniň iň makul çözüwini tapmaga kömek eder, akylyňyzy ýitelder.
Eliňizdäki şu derslik haýyrly maksatlaryňyzy amala aşmagynda size hyzmatdaş bolar, biminnet kömekçi bolar. Onuň sahypalaryndan diňe bir matematika degişli maglumatlar bilen däl, eýsem tehnika, ylmyň taryhyna, daşky gurşawa we gündelik durmuşa degişli gyzykly we peýdaly maglumatlar bilen hem tanşarsyňyz. Bu maglumatlar dürli-dürli meseleler we mysallar görnüşinde size hödürlenilýär.

Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020
Скачать и читать Matematika, 5 synp, Xaýdarow B.K., 2020