Учебник по технологии для 4 класса на туркменском языке.
Geçen ýyllaryň dowamynda siz örän köp zatlary öwrendiňiz we örän köp ajaýyp açyşlar etdiňiz. Indi siz aşaky synplarda alan bilimleriňizi, endikleriňizi we başarnyklaryňyzy berkitmek bilen dürli materiallardan has-da owadan zatlary, oýnawaçlary, modelleri ýasamagyň tehnologiýalaryny öwrenersiňiz, häzirki zaman kärleri bilen, hünärment ussalaryň önüm ýasamak usullary bilen tanyşarsyňyz. Özüňiz oýnawaçlary nädip düzetmegi we täzelemegi, modelleri döretmegi, iş meýilnamasyny düzmegi, çyzgylary we görkezmeleri okamagy öwrenersiňiz.
Bu ýyl siz diňe bir özbaşdak däl, eýsem döredijilik ussahanalarynda toparlara bölünip işlärsiňiz. Siz synpdaşlaryňyz bilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşarsyňyz, amala aşyrmagyň basgançaklary kesgitlärsiňiz, jemgyýetçilik işiň haýsy basgançagyny kim ýerine ýetirmelidigini ylalaşarsyňyz.

