Учебник по музыке для 3 класса на туркменском языке.
Eliňizdäki «Saz» kitaby ençeme başga derslikler ýaly Garaşsyzlyk arkaly çap edilip, Garaşsyzlygyň nygmatyna öwrüldi.
Siz üçin her bir derslik we okuw edebiýatlary özüçe eziz, çünki olar bilimiňizi ösdürýär, gelejege tarap itekleýär.
Saz ynsany täsin saz we äheňler dünýäsine ündeýär, duýgularyny näzikleşdirýär, datyny ýiteldýär, gözelligi söýmegi öwredýär.
Siz 3-nji synpda saz heňlerini dykgat bilen diňlemek hem-de aýdymlary ýakymly, labyzly edip aýtmaklygy özleşdirersiňiz, täze kompozitorlaryň döredijiligi bilen tanyşarsyňyz, saza bolan höwesiňiz ýene-de artar.
