Учебник по естествознанию для 4 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Tomusky dynç alyşda hezil edip dynç alansyňyz. Tomus özboluşly ajaýyp pasyldyr. Bu döwürde günler uzyn, gijeler bolsa gysga bolýar. Günüň şöhleleri ülkämiziň çägine dikräk düşýär. Şonuň üçin günler yssy, asman bulutsyz bolýar.
Tomus çagalaryň iň söýgüli paslydyr. Tomusda çagalar ýaşytdaşlary bilen oýnaýarlar, suwa düşýärler, tebigatyň nygmatlaryndan lezzet alýarlar.
