Учебник по музыке для 3 класса на туркменском языке.
Gadyrly okuwçy! Eliňizdäki Aýdym-saz kitaby sizi täsin sazlar we äheňler dünýäsine alyp barar, duýgularyňyzy näzik eder, saza bolan höwesiňizi artdyrar we gözelligi söýmegi öwreder. 3-nji synpda aýdym-sazy üns bilen diňlemegi we ýakymly edip aýdym aýtmagy, aýdym-saz sowatlylygy boýunça täze bilimlere eýe bolup, kompozitorlaryň döredijiligi bilen tanyşarsyňyz. Aýdymsaz endikleriňizi has-da baýlaşdyrarsyňyz. Ýylyň dowamynda aýdýan aýdymlaryňyz sizi Watana wepalylyk ruhunda terbiýeleýär.
Bagtly çagalyk temalaryny wasp edýär. Şonuň üçin sazlaryň we aýdymlaryň mazmunyna düşüniň, sözleriň we heňleriň bitewiligine akyl ýetiriň. Labyzly we ýakymly ýerine ýetirmek ukuplaryny has pugtarak eýelejek boluň.
