Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.
