Обучалка в Телеграм

Zamonow

Özbegistanyň taryhy, 7 synp, Zamonow A.T., Ismatowa N.K., Rahimjanow D.A., 2022

Özbegistanyň taryhy, 7 synp, Zamonow A.T., Ismatowa N.K., Rahimjanow D.A., 2022.

Книги по истории для 7 класса на туркменском языке.

   Siz şu derslikde IV asyrdan XIII asyryň başlaryna çenli bolan Watanymyzyň orta asyrlar taryhy bilen tanyşarsyňyz. Onda «özbiý» we «özbek» adalgalary bilen beýgeldilen özbek halkynyň şekillenenligi baradaky maglumatlar hem orun alan. Dünýä siwilizasiýasyna özüniň deňi-taýsyz goşandyny goşan beýik ata-babalarymyz, Watanperwerligiň nusgasy bolan batyrgaýlaryň edermenlikleri bilen birlikde, halkymyzyň baý medeni mirasy barada maglumatlara eýe bolarsyňyz.

Özbegistanyň taryhy, 7 synp, Zamonow A.T., Ismatowa N.K., Rahimjanow D.A., 2022
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 7 synp, Zamonow A.T., Ismatowa N.K., Rahimjanow D.A., 2022
 

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021.

Учебник по воспитанию для 10 класса на туркменском языке.

   Eliňizdäki nobatdaky «Terbiýe» dersliginde-de edil şonuň ýaly, maksatly we manyly ýaşamagyň düýp mazmuny barada sütünler we temalar, soraglar we jogaplar, olary işjeňleşdirýän döredijilik meseleleri getirilen. Şeýle hem, ylylmly adamlaryň garaýyşlary bilen çuňňur baýlaşdyryldy.
Möhümi, köp mysallar we ýagdaýlar deň-duşlaryňyzyň durmuşyndan alnyp, başlangyç synplarda alan bilimleriňizi has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Bu kitap, häzirki wagtda çaltlaşýan globallaşma prosesinde siziň ruhubelent, başarnykly we sazlaşykly terbiýelenmegiňizde, dürli howplar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda amaly kömekçi, durmuş ýol görkeziji gollanma bolar diýip umyt edýäris.

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
Скачать и читать Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
 

Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019

Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019.

Учебник по истории для 9 класса на туркменском языке.
 
   Eliňizdäki Ӧzbegistanyň taryhy dersligi XIX asyryň ikinji ýarymy we XX asyryň başlarynda bolup geçen wakalary ӧz içine alýar. Bu dӧwür Watanymyzyň taryhynyň iň agyr we çylşyrymly ýyllarydyr. Bu, bir tarapdan, Rus imperiýasynyň basybalyjylygy sebäpli agyr külpetler, ýitgiler alyp gelen bolsa, ikinjiden, ata-babalarymyz koloniýanyň jebir-sütemine garşy Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin gahrymanlarça gӧreşlerini dowam etdirdiler, üçünjiden, Watanyň gülläp ӧsmegi ugrunda jan aýamany zähmet çekip, ӧrän uly ruhy we maddy dӧredijilik işini amala aşyrdylar.

Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019
 

Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017

Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017.

Учебник по основам духовности для 10-11 класса на туркменском языке.

   Bu okuw kitabynda okuwçy ýaşlaryň kalbynda milli aňyýet we sagdyn dünýägaraýyş esaslaryny siňdirmek, olary ruhy hüjümlere garşy pugta durup bilmegi başarýan gaýratly, janköýer, watansöýüji ynsanlar edip terbiýelemek maksadynda ruhyýetiň asyl mazmunyna ýetip barmaga hereket edildi. Her bir temanyň başynda ugrukdyryjy soraglar we ýumuşlar berildi. Köp ýagdaýlar we mysallar siziň we deň-duşlaryňyzyň durmuşyndan alyndy. Olar siziň aşaky synplarda alan bilimleriňizi ýadyňyza salmakda özboluşly synag wezipesini ýerine ýetirýär.
Mundan başga, her bir temanyň soňunda «Dersiň netijesi» we «Degişmetapmaça» berlen. Olary üns berip okaň, degişme-tapmaçalaryň" jogabyny maşgala agzalaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň. Olar dünýägaraýşyňyzyň, pikirlenmäňiziň ýene-de giňelmegine kömek eder, diýip ynanýarys.
Eziz okuwçy! Awtorlar «Ruhyýet esaslary» ylmyny pugta we çuň özleşdirmekde size üstünlik arzuw edýär.

Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017
Скачать и читать Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017
 

Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Rajabow K., Zamonow A., 2017

Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Rajabow K., Zamonow A., 2017.

Учебник по истории для 10 класса на туркменском языке.

  Taryh sapaklary. Taryh halka sapak we ylym berýär. Taryhy öwrenmezden gelejegi aňlap bolmaýar. Her bir ynsan, her bir halk öz taryhyny we geçmişini ata babalary tarapyndan döredilen taryhy kitaplary okamak, öwrenmek we yzarlamak arkaly bilip alýar. Taryh ynsanyň akyl-paýhasy we aňyýetiniň şeýle bir täsin we jadylaýjy önümi bolanlygy üçin, onuň ruhy gudraty we kömegi bilen biz ähli geçmiş zamanlaryň adamlaryna has-da ýakyn bolýarys, geçip giden asyrlar wakalaryny ähli galagoplary, göreşleri we dartgynlyklary bilen göz öňümizde janlandyrýarys. Ynsan taryhdan tälim-terbiýe alýar, taryh uly sapak berýär. Taryh sapaklaryndan özüne degişli netije çykaryp bilmeýän, düýnki gününi gowy bilmeýän milletiň gelejek ykbaly hem öz-özünden aýdyň.

Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Rajabow K., Zamonow A., 2017
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Rajabow K., Zamonow A., 2017