Welbegow

Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 1 Bölek, Abdullayewa Ș., Abdullayewa G., Welbegow G., 2021

Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 1 Bölek,  Abdullayewa Ș., Abdullayewa G., Welbegow G., 2021.

Учебник по родному языку для 2 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Her bir adamyň doglup ӧsen ýeri onuň eziz we mähriban Watany hasaplanýar.
Biz Ӧzbegistan ady bilen dünýä meşhur bolan gӧzel watanda ýaşaýarys. Watanymyz çäksizdir. Onda ýap-ýaşyl jülgeler, belent daglar, derýalar we kӧller bar. Şäherleri we obalary barha abadanlaşýar.
Ӧzbegistanda bütin dünýä meşhur bolan Buhara, Samarkant, Hywa, Daşkent ýaly şäherler bar.
Ummasyz giň ülkämize seýle çyksaň gülzara ӧwrülen baglar diýseň gӧzüňi guwandyrýar.

Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 1 Bölek,  Abdullayewa Ș., Abdullayewa G., Welbegow G., 2021
Скачать и читать Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 1 Bölek, Abdullayewa Ș., Abdullayewa G., Welbegow G., 2021
 

Ene dili we okuw sowatlylygy, 1 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ș., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2021

Ene dili we okuw sowatlylygy, 1 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ș., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2021.

Учебник по родному языку для 1 класса на туркменском языке.

 Biz awtorlar, şu dersligi ýazanda siziň her biriňiziň bilesigeliji gözleriňizi, gülüp duran ýüzleriňizi göz öňüne getirip, ýazdyk. Bu derslik siziň ýakyn dostuňyz bolsun. Biziň pikirimizçe, bu dersligi okamak bilen siz gowy bilimleri, durmuşda gerek bolýan başarnyklary ele alarsyňyz. Derslige jemlenen materiallar sizde ýakynlaryňyza, Watana, bilim almaga söýgi döreder.
Dünýäniň islendik künjeginde bolsaňyz-da adamlar bilen medeniýetli gepleşikleri alyp barmaga, islendik meseläni rasional çözmäge, dürli durmuş wakalaryny dogry çözmäge kömek eder diýip umyt edýäris. Siz derslikdäki materiallary gowy özleşdirseňiz öz pikiriňizi ýazuw üsti bilen, dilden yzygider, sowatly beýan etmegi başararsyňyz. Bilimler ýurduna hoş geldiňiz! Ýollaryňyz açyk bolsun!

Ene dili we okuw sowatlylygy, 1 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ș., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2021
Скачать и читать Ene dili we okuw sowatlylygy, 1 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ș., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2021
 

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020.

Учебник по литературе для 5 класса на туркменском языке.

   Meniň ilki mekdebim diwaryndan gum dökülip duran ýerdöl-di. Biz çöke düşüp, ýapyrylyp okaýardyk. Türkmen dilinde kitap çap edilmeýärdi. Neşirýat bolmasada, meşhur şahyrlaryň ga-natly sözleri ölmeýärdi. Olar halkyň dilinde ýaşaýardy.
Men Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň goşgularyny öz golum bilen göçürip aldym. Olary irginsiz okadym, ýatdan öwrendim. Edebiýata bolan höwes mende durdugyça ösýärdi.
Biziň halkymyzyň medeniýetiniň gülläp ösýän derejesi-de köp babatda çeper edebiýata bagly. Kitabyň her setiri tamdyranyň tary, her sözi onuň perdesi ýaly hiňlenip, okyjynyň pikirine pikir goşýar, duýgusyny oýarýar.
Ýazyjy kitabyň üsti bilen özüniň ömür tejribesini, düşünjesini, pikir-duýgusyny hödürleýär. Ol okyja ýüzlenýär: «Gadyrly dost, men şu kitaby seniň üçin ýazdym. Durmuş göreşden ybarat bolany üçin, adam dürli ýagdaýlara düşýär. Durmuşda gör nähili zatlar bar. Al. Oka. Seniň öz durmuşyňda, gyzykly işiňde... saňa kömek eder».
Kitap adamyň iň ynamdar ýoldaşy, iň gadyrly dostudyr. Şonuň üçin, gadyrly dost, edebiýata aýratyn üns ber, ony jandilden söýmek zerur.

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020
Скачать и читать Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020
 

Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019

Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019.

Учебник по литературе для 9 класса на туркменском языке.

   Türkmenleriň «edebiýat» sözi «edep» sözünden ýasalypdyr. Bu onuň esasy wezipesini alamatlandyrýar. Ýaşlara edep-terbiýe bermek, nesilleriň öňdebaryjy adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky tagallalar söz sungatynyň esasy wezipeleriniň biri.
Türkmen edebiýaty türkmen halkynyň uly ruhy hemaýatçysydyr. Ol köpmilletli Özbegistanymyzda adamlaryň gaýduwsyz, janaýamazlykly zähmetleri, senagatyň hem oba hojalygynyň öňdebaryjylarynyň gahrymançylykly zähmet üstünlikleri, halkyň eşretli durmuşy, dostluk, watansöýüjilik, internasionalizm, parahatçylyk ugrundaky göreşi beýan edýär. Çeper edebýat okyjyny ruhy taýdan terbiýelemek bilen, adamlara nähili ýaşamalydygyny, nähili zähmet çekmelidigini, nähili göreşmelidigini öwredýär, durmuşda täze-täze üstünlikler gazanmaga ruhlandyrýar. Türkmen edebiýaty adamlarda ýokary ahlagy terbiýelemek wezipesini amala aşyrýar.

Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019
Скачать и читать Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019
 

Okuw kitaby, 4 synp, Kadyrow A., Aşyrow A., Welbegow G., 2020

Okuw kitaby, 4 synp, Kadyrow A., Aşyrow A., Welbegow G., 2020.

Учебник по чтению для 4 класса на туркменском языке.

   Şuny ýagşy bil: Sen garaşsyz Özbegistanyň görer gözüsiň. Gelejegisiň. Gowy günleri bildirýän ýaş ýürekli ynsansyň. Garaşsyz Watanymyz senden köp zatlary tama etmäge hakly. Munuň üçin okamak, öwrenmek gerek. Ylym belentliklerine çykar ýaly eliňizdäki okuw kitaby ýakyn kömekçiňiz bolar. Ondaky her bir pikiriň, her bir temanyň kalbyňyza kuwwat berjegine ynanýarys. Şonuň üçin, sen hem şu sahypalardakylara yhlas bilen gara. Arassa sakla, aýawly peýdalan. Bu okuw kitabyndan senden soňky peýdalanjaklarda seniň zehiniňe, yhlasyňa haýran galyp, saňa alkyş okasyn.
Ylym belentliklerine tarap äden ädimleriňiz şowly bolsun!

Okuw kitaby, 4 synp, Kadyrow A., Aşyrow A., Welbegow G., 2020
Скачать и читать Okuw kitaby, 4 synp, Kadyrow A., Aşyrow A., Welbegow G., 2020
 

Okuw kitaby, 3 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2019

Okuw kitaby, 3 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2019.

Учебник по чтению для 3 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
TÖzbegistan Respublikasynyň döwlet gerbi 1992-nji ýylyň 2-nji iýulunda tassyklandy. Özbegistan Respublikasynyň döwlet gerbi güle bürenen jülgäniň ýokarsynda şöhle saçyp duran gün nurundan hem-de sag gapdalynda bugdaý başlarynyň, çep gapdalynda açylan pagta bölekleriniň şekili düşürlen çemenden ybaratdyr. Gerbiň ýokary böleginde Respublikanyň jebisliginiň nyşany hökmünde sekiz burçly ýyldyz teswirlenen: sekiz burçuň içinde ýerleşen ýarym aý we ýyldyz bagtlylyk nyşanydyr. Gerbiň ortasynda hümmet, ýagşylyk we adyllyk tymsaly bolan hyýaly Humaý guşy ganatlaryny ýaýyp dur. Bu şekil we tymsallar halkymyzyň dynçlyk, ýagşylyk, bagt-sahawatlylyk, şowlulyk ýolundaky arzuw-umytlaryny aňladýar.

Okuw kitaby, 3 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2019
Скачать и читать Okuw kitaby, 3 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2019
 

Okuw kitaby, 2 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2018

Okuw kitaby, 2 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2018.

Учебник по чтению для 2 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Her bir adamyň doglup önüp-ösen ýeri onuň eziz we mähriban watany hasaplanýar. 1991-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasy öz garaşsyzlygyny kabul etdi. Biziň watanymyzda garaşsyzlyk baýramyny dabaraly belläp geçýärler.
Ummasyz giň ülkämize seýle çyksaň gülzara öwrülen baglar diýseň gözüňi guwandyrýar.
Mähriban Özbegistanymyzda dürli millet wekilleri ýaşaýarlar. Olaryň köpçüligi biziň watanymyzda doglup ösendirler. Biz watanymyzda ýaşaýan ähli millet çagalary bilen dost bolup, parahat ýaşamagy isleýäris.

Okuw kitaby, 2 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2018
Скачать и читать Okuw kitaby, 2 synp, Abdullaýewa Ş., Welbegow G., Satmatow Ş., 2018
 

Okuw kitaby, 1 synp, Welbegow G., Abdullaýewa G., Hallyýew K., 2019

Okuw kitaby, 1 synp, Welbegow G., Abdullaýewa G., Hallyýew K., 2019.

Учебник по чтению для 1 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Özbegistan Respublikasynyň paýtagty – Daşkent şäheridir. Biziň Watanymyzda dürli milletler agzybir ýaşaýarlar. Özbegistanyň abraýy güngünden artýar. Ýurdumyzyň şäherleri we obalary barha abadanlaşýar.

Okuw kitaby, 1 synp, Welbegow G., Abdullaýewa G., Hallyýew K., 2019
Скачать и читать Okuw kitaby, 1 synp, Welbegow G., Abdullaýewa G., Hallyýew K., 2019
 
Показана страница 1 из 2