Учебник по туркменскому языку для 9 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Dünýä dilleri diýende, Ýer togalagynda ýaşaýan ähli halklaryň dilleri göz öňünde tutulýar. Häzirki hasaplamalara görä, dünýäde 2500-den 5000-e çenli dil bar, ýöne olaryň takyk sanyny anyk aýtmak mümkin däl, çünki şol bir kökden ýaýran dilleri hem-de olaryň miwelerini tapawutlandyrmak aňsat däl, olaryň dürli toparlara bölünişi hem şertlidir.
Alymlar şol bir kökden ýaýraýşyny, garyndaşlygyny, biri-birine kybapdaşlygyny deňeşdirmek arkaly dünýä dillerini birnäçe uly toparlara bölýärler.





