Fizika, 8 synp, Habibullaýew P., 2019.
Учебник по физике для 8 класса на туркменском языке.
Gündelik durmuşy elektrik energiýasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şol sanda, öýümizdäki lampoçka, telewizor, sowadyjy, radio, ütük, elektrik çäýnek, kompýuter ýaly enjamlaryň ählisi elektrik energiýasynyň hasabyna işleýär.
Dürli zawodlar we fabrikler, önümçilik kärhanalary hem-de edaralarda hem elektrik energiýasyndan peýdalanylýar. Mahlasy, elektrik energiýasy durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen. Umuman alanda, elektrigiň açyş edilmegi we ondan peýdalanmak mümkinçilikleri misli görülmedik ösüşe sebäpçi boldy. Durmuşymyz has-da eşretli bolmagy üçin elektrotehnika, radiotehnika, elektronika, awtomatika, maglumat tehnologiýasy, nanotehnologiýalar ýaly ugurlarda alymlar, inženerler we başga ugruň hünärmenleri gözlegleri alyp barýarlar. Alymlar we inženerler tarapyndan edilen täze açyşlar netijesinde bu pudaklar has-da ýokarlanýar. Şu sebäpli, elektrik barada maglumatlara eýe bolmak üçin siz fizika derslerinde elektrik hadysalary, elektrik we magnit meýdany, elektrik togy, elektromagnit hadysalary öwrenersiňiz hem-de elektrik energiýany öndürmek we geçirmek, ýönekeý elektrik enjamlaryň we gurluşlaryň işleýiş prinsipi bilen tanyşarsyňyz.
