Baltaýew

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017.

Учебник по физике для 7 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçylar! Siz öňki synplarda häzirki zaman informasion tehnologiýalary serişdelerinden biri bolan kompýuterden peýdalanmak boýunça ilkinji endik we başarnyklara eýe bolupdyňyz. Şonuň bilen birlikde, kompýuter – okatmak, hasaplama, şekillendirmek, redaktirlemek, dynç almagyň hem-de habar bilen işlemegiň serişdesidigi hakynda maglumat alypdyňyz.
Şu dersligiň kömeginde Siz habary toplamagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň kanunlaryny, usullaryny hem-de çalasyn kompýuterler we başga döwrebap serişdeleriň kömeginden peýdalanmagy öwrenersiňiz. Häzirki wagtda habaryň gymmat bahaly önüme öwrülmegi informatika ylmynyň abraýynyň we ähmiýetiniň barha artýandygyny delillendirýär.
Size hödürlenýän şu derslik Sizi informatika älemine alyp girer, onuň syrlaryny öwrenmekde ýakyn kömekçiňiz bolar, diýip umyt edýäris.
Pikirimizçe, informatika ylmy sizde kompýuteriň hemişelik kömekçi we zähmetiňizi ýeňilleşdirýän serişdedigi barada düşünje galdyrmak bilen birlikde, öz amaly işiňizde täzelikleriň açylmagyna itergi bolup hyzmat eder.

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017
Скачать и читать Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017
 

Informatika we hasaplaýyş tehnikasynyň esaslary, 9 synp, Baltaýew B., 2015

Informatika we hasaplaýyş tehnikasynyň esaslary, 9 synp, Baltaýew B., 2015.

Учебник по информатике для 9 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Adam özüniň amaly işinde örän köp meseleleri çözmeli bolýar. Meseleleriň käbirleri aňsat, käbirleri çylşyrymly hasap-hesip bilen bagly bolýar. Käbir meseleler çözülende haýsy-da bolsa bir amallar topary bolsa müňlerçe gezek ýerine ýetirilmegi zerur bolmagy mümkin. Şonuň üçin biminnet we gaty çalt işleýän kömekçimiz bolan kompýuter bu işimizde kömek berip bilermi, eger kömek berip bilse, onda meseleleri kompýuterde çözmek nähili guralýar, diýen sorag tebigydyr.
Bu soraga jogap bermezden öň birnäçe meselelere we olaryň çözülişine garaýarys.

Informatika we hasaplaýyş tehnikasynyň esaslary, 9 synp, Baltaýew B., 2015
Скачать и читать Informatika we hasaplaýyş tehnikasynyň esaslary, 9 synp, Baltaýew B., 2015