Учебник по изобразительному искусству для 6 класса на туркменском языке.
Şu derslik umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-njy synplary üçin Özbegistan Respublikasynyň Halk bilimi ministrligi tarapyndan tassyklanan Döwlet tälim standarty we okuw maksatnamasy esasynda ýazyldy. Şu günki güne çenli 6-njy synplar üçin umumytälim mekdeplerinde Döwlet tälim standarty esasyndaky şekillendiriş sungaty dersliginiň bolmanlygy, okuwçylara biraz kynçylyk döredip, boşluk emele getirdi. Şekillendiriş sungaty predmeti mugallymlary köp ýyllaryň dowamynda okuw plany esasyndaky ders temalaryny goşmaça edebiýatlardan peýdalanyp alyp bardylar. Täze dersligiň döredilenligi predmeti okatmakda aşakdaky birnäçe meseleleri çözülmegine kömek edýär.








